HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: 40 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz eksport edildi

Aprel 12, 2023 | 15:38 |5591
Sişenbe güni, 11-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $16,5 mln amerikan dollaryna deň bolan 18 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Sişenbe güni, 11-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $16,5 mln amerikan dollaryna deň bolan 18 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Sişenbe güni, 11-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $16,5 mln amerikan dollaryna deň bolan 18 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Türkiýeden, Özbegistandan, Pakistandan we Owganystandan gelen işewürler suwuklandrylan gazyň her tonnasyna $376,20 amerikan dollaryny teklip edip, jemi 42 müň tonna suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Jemi $15,8 mln amerikan dollary möçberinde STG eksporta ugradyldy.

Singapurdan gelen işewürler toparynyň wekili söwdalaşyklarda TC-1 kysymly uçar kerosininiň 1 müň tonnasyny satyn aldy, önümiň her tonnasyna $753,50 amerikan dollary baha berildi. Geleşigiň jemi bahasy $753,5 müň amerikan dollaryndan geçdi.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026