Stambul Türkiýäniň Milli garaşsyzlyk we çagalar gününde özüniň ajaýyp muzeýlerine çagyrýar


Her ýylyň 23-nji aprelinde Türkiýede Milli garaşsyzlyk we çagalar güni bellenip geçilýär. Ol 1920-nji ýylda Ankarada geçirilen Beýik milli ýygnagyň birinji çagyrylyşynyň işiniň başlanmagy bilen gabat gelýär.
Däp bolşy ýaly, baýramçylyk orta okuw mekdeplerinde geçirilýär — mekdepleriň baş köçelerini we çäklerini güller, howa şarlary, şeýle hem türk baýdaklary bilen bezeýärler. Türkiýe Respublikasynyň birinji prezidenti Mustapa Kemal Atatürk geljekdäki milletleriň öz başlangyjyny çagalykdan alýandyklaryna ynanýardy. Şol sebäpli bu güni ulular öz ýerlerini çagalara berýärler.
Çagalar muzeýleri hem 23-nji aprele taýýarlanýarlar. Diňe Stambulyň özünde, baş şäherde olaryň sany ep-eslidir.
Ynha olaryň birnäçesi:
Rahmi Koçyň senagat muzeýi — Ol Stambulyň belli gözel ýerleriniň biridir. Muzeý oňa baryp görýänleri öz eksponatlary bilen geçmişe syýahata alyp gider, ol ýerde nusgawy awtoulaglar, ilkinji tramwaýlar, gaýyklar, köne uçarlar, gämiler we penni-farting (welosipedleriň ilkinji görnüşi) görkezilendir. Baryp görýänler şeýle hem ylmy oýlap tapyşlara bagyşlanan bölümlerde öz gözýetimini giňeldip bilerler.
Muzeý çagalar üçin ussat-sapaklaryny yzygiderli gurnap durýar.
Çagalyga syýahat: Oýunjaklaryň muzeýi
Taryhy Kadyköýde ýerleşen Stambulyň oýunjaklar muzeýi ähli ýaşdakylary oýunjaklar dünýäsine çagyrýar. Muzeýiň oýunjaklar ýygyndysy iki onýyllygyň dowamynda şahyr we ýazyjy Sunaý Akyn tarapyndan dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundaky antikwar dükanlardan we auksionlardan ýygnalypdyr.
Edaranyň eksponatlary 1700-nji ýyllaryň oýunjaklarynyň taryhyndaky meşhur nusgalardan başlap, biziň günlerimize çenli öz içine alýar. Stambulyň oýunjaklar muzeýiniň çagalar muzeýleriniň birleşmesiniň we bütin dünýä boýunça oýunjaklaryň muzeýiniň döredilmeginde pioner bolandygyny belläp geçmelidiris, bu bolsa Stambulyň «oýunjaklar muzeýleriniň paýtagty» adyny almagyna ýardam etdi.
Illýuziýalar (arzuwlar) muzeýi
Stambulyň illýuziýalar muzeýi çagalary illýuziýalaryň geň we gyzykly dünýäsine alyp gider.
Optiki illýuziýalar, gologrammalar, illýuzor tunneller ähli ýaşdaky baryp görýänlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrar. Muzeýiň Tükeniksiz we Tersine öwrülen otaglaryna girmän asla gidip bolmaz.
Miniatürk – wagtyň durýan ýeri
Bu baryp görýänler üçin 2003-nji ýylda açylan Stambulyň täze gözel ýerleriniň biridir. Miniatürke baryp görmek — bu Türkiýäniň taryhy bilen tanyşmakdyr. Onuň şygary — «Uly ýurduň kiçijek modelidir».
Çagalaryň halaýan muzeýinde Anadoluny onuň tutuş taryhynyň dowamynda dolandyran siwilizasiýanyň binagärlik mirasy ýygnanandyr. Bu ajaýyp seýilgäh bolup, onda Türkiýäniň buýsanýan gözel ýerleriniň kiçijik nusgasy (1/25 möçberde) görkezilendir. Her nusganyň ýanynda dünýäniň birnäçe meşhur dillerinde gysgaça ses beýany getirilýär.
ORIENT habarlar








