ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň döwlet Baştutanlary sişenbe güni howpsuzlyk, söwda, tehnologiýalar we durnukly ösüş ugurlarynda mundan beýläkki özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitleýän Bişkek jarnamasyny kabul etdiler.
Halkara hyzmatdaşlygy döwletler diňe bir umumy howplara garşy çäre görmek bilen çäklenmän, eýsem durnukly ösüş üçin şertleri bilelikde kemala getirmäge çalyşýan döwürde aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bişkek jarnamasynda ŞHG ýurtlary köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we has adalatly dünýä tertibini goldamaga bolan niýetlerini tassykladylar.
Resminama ŞHG-niň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 26-njy mejlisinde kabul edildi. Oňa, hususan-da, HHR-iň Başlygy Si Szinpin, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi gatnaşdylar.
Jarnamada guramanyň agzasy bolan on döwlet halkara hukugyna we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna ygrarlydyklaryny tassykladylar. Liderler halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde, şeýle hem durnukly ösüşi ilerletmekde Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny pugtalandyrmagy goldadylar.
Döwlet Baştutanlary has wekilçilikli we adalatly köpugurly dünýä tertibiniň kemala gelmegini goldadylar. Şeýle hem olar ähli döwletleriň halkara çözgütleri kabul etmek işine deň mümkinçilikler bilen gatnaşyp bilmegi üçin ählumumy dolandyryş ulgamyny özgertmäge çagyrdylar.
Resminamada howpsuzlyk meselelerine aýratyn üns berildi. ŞHG-ä agza döwletler terrorçylyga, separatizme we ekstremizme garşy göreşe ygrarlydyklaryny tassykladylar, terrorçylygyň ähli görnüşlerini ýazgardylar we bu howplara garşy göreşde goşa standartlary ret etdiler. Şeýle hem neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, kiberjenaýatçylyga we emeli aňyň nädogry ulanylmagyna garşy göreşi güýçlendirmegiň zerurdygy bellenildi.
Ykdysadyýet ulgamynda liderler ŞHG sebitiniň dünýä ykdysadyýeti we durnukly ösüş üçin barha artýan ähmiýetini bellediler. Ýurtlar açyk köptaraplaýyn söwdany pugtalandyrmaga ylalaşdylar, birtaraplaýyn sanksiýalara we proteksionistik çärelerine garşy çykyş etdiler, şeýle hem Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyny goldaýandyklaryny tassykladylar. Taraplar ŞHG-niň Ösüş bankyny döretmek boýunça öňegidişligi hem goldadylar.
Jarnamanyň möhüm bölegini ekologik ugur hem düzdi. Döwletler howanyň üýtgemegine garşy göreşde hyzmatdaşlygy giňeltmegi, «ýaşyl» tehnologiýalary we innowasion çözgütleri ösdürmegi, şeýle hem biodürlüligi we tebigy ekoulgamlary dikeltmek hem-de goramak boýunça taslamalary goldadylar.
Mejlisiň netijeleri boýunça ŞHG-de başlyklyk Gyrgyzystandan Pakistana geçýär. Guramanyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisi 2027-nji ýylda geçiriler. Häzirki wagtda ŞHG-niň düzümine Belarus, Hytaý, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan girýär.
CCTV+-yň habar berşi ýaly, Bişkek jarnamasynyň kabul edilmegi ŞHG döwletleriniň howpsuzlyk, ykdysadyýet, tehnologiýalar we durnukly ösüş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, şol bir wagtyň özünde global meseleleri çözmäge köptaraplaýyn çemeleşmäni pugtalandyrmaga çalyşýandygyny tassyklaýar.






