HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi

Aprel 05, 2023 | 11:07 |8620
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Russiýanyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin bilen duşuşdy – diýip, TASS habar berýär.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Russiýanyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin bilen duşuşdy – diýip, TASS habar berýär.
Çeşme: ria.ru

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Russiýanyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin bilen duşuşdy – diýip, TASS habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar özara gatnaşyklaryň iş ýüzündäki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem logistikada we gämi gurluşygynda hyzmatdaşlyga üns berdiler.

Serdar Berdimuhamedow Igor Babuşkin bilen ynsanperwerlik babatynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy. Gubernator türkmen kollektiwleriniň üstümizdäki ýylyň awgustynda geçirilmegi meýilleşdirilen «Nusgawy sazyň Hazar festiwalyna» gatnaşmagyna umyt bildirdi.

Babuşkin syýahatçylygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlarynyň biri diýip, atlandyrdy.

Astrahan oblastynyň gubernatory Aşgabada 1-nji aprelde Astrahandan badalga alan we özi tarapyndan baştutanlyk edýän «Hazar – dostluk deňizi» atly motosiklli ýörişiň düzüminde geldi. Onuň gatnaşyjylary Aşgabada ýörişiň ýarysyny — 2,5 müň km ýoly (ýörişiň umumy uzynlygy – 5 müň km) söküp, geldiler.

Öňde motosiklli ýörişiň gatnaşyjylaryna Eýranyň Babolsýeri we Reşte şäherleri, Azerbaýjanyň Astary we Baku şäherler, Russiýanyň Kaspiýsk şäheri garaşýar. Ýöriş 11-nji aprelde Astrahanda tamamlanar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026