Arkadag şäheriniň açylyşyna Aýlagyň arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň baş sekretary çagyryldy


Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky ilçisi Orazmuhammet Çaryýew Aýlagyň arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň baş sekretary Jasem Mohammad Albudaiwini Arkadag şäheriniň açylyşyna çagyrdy – diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Duşuşygyň barşynda baş sekretar Geňeşiň Türkmenistan bilen strategiki dialogy işjeňleşdirmäge ymtylýandygyny tassyklady. Taraplar Türkmenistan bilen Geňeşiň döwletleriniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň mümkinçiligini ulanmak arkaly sebitleýin hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Geňeşiň baş sekretary Aýlagyň döwletleriniň Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin Türkmenistan bilen syýasy, ykdysady we medeni babatda dialogyň möhümdigini belledi.
Aýratyn hukuk derejesi bolan Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşy mynasybetli baş meýdançada harby paradyň we baýramçylyk konsertiniň guraljakdygy ozal habar berlipdi. Golaýda «Arkadag» telekanalyna badalga beriljekdigi we şäheriň gazetiniň dörediljekdigi belli boldy.
ORIENT habarlar








