HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pakistanyň COMSATS uniwersiteti Türkmenistandan has köp talyp okatmaga gyzyklanma bildirýär

Aprel 10, 2023 | 17:38 |9501
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň Tehnologik uniwersitetiniň (COMSATS) rektory, professor Muhammed Afzal bilen bilim babatynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy – diýip, Daily Times habar berýär.Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň Tehnologik uniwersitetiniň (COMSATS) rektory, professor Muhammed Afzal bilen bilim babatynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy – diýip, Daily Times habar berýär.
Çeşme: unsplash.com

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň Tehnologik uniwersitetiniň (COMSATS) rektory, professor Muhammed Afzal bilen bilim babatynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy – diýip, Daily Times habar berýär.

Türkmenistanyň diplomatiki wekilhanasynyň üçünji sekretary Hemra Annamuhammedowyň hem gatnaşan gepleşikleriniň barşynda Pakistanyň ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Türkmenistandan bolan talyplary bilim maksatnamalaryna çekmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler.

Professor Afzal häzirki wagtda ýokary okuw mekdebinde Pakistandan 33 100 talybyň we dünýäniň 23 ýurdundan 360 talybyň bakalawriatyň, magistraturanyň we doktoranturanyň 100-den gowrak maksatnamasy boýunça okaýandygyny nygtady.

Türkmen diplomatlary ylym we bilim ulgamy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdiler we talyplary alyşmagy we bilelikdäki maslahatlary guramaklyga çagyrdylar.

Ilçi Möwlamow ýakyn wagtda Türkmenistanda ylym we bilim boýunça Bilelikdäki türkmen-pakistan iş toparynyň 2-nji mejlisiniň geçjekdigini sözüniň üstüne goşdy. Bu mejlise gatnaşmaga Yslamabatdan bu ýokary okuw mekdebi hem çagyrylandyr.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026