HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Ženewa sanly we ýaşyl özgertmeler boýunça tejribe alyşmaga çagyrdy

Aprel 09, 2023 | 01:28 |12854
Türkmen wekiliýeti 18-19-njy aprelde Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljek BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) 70-nji sessiýasyna gatnaşmagy meýilleşdirýär.Türkmen wekiliýeti 18-19-njy aprelde Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljek BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) 70-nji sessiýasyna gatnaşmagy meýilleşdirýär.
Çeşme: econocom.com

Türkmen wekiliýeti 18-19-njy aprelde Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljek BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) 70-nji sessiýasyna gatnaşmagy meýilleşdirýär.

Forumyň mowzugy – “Ýewropa Ykdysady Komissiýasy sebitinde durnukly ösüş üçin sanly we ýaşyl özgertmeler".

Ýaşyl özgertmeler howanyň üýtgemegine, biodürlüligiň ýitmegine garşy göreşmek we daşky gurşawa basyşy azaltmak üçin durnukly energiýa geçmek, pes uglerodly çözgütleri ornaşdyrmak ýaly derwaýys meseleleri çözmek üçin örän zerur. Sanly tehnologiýalar ykdysady ösüş, syýasaty durmuşa geçirmek we döwlet hyzmatyny dolandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem, olar tebigy baýlyklardan has netijeli peýdalanmak we maglumat boşluklaryny doldurmak, netijeliligi ýokarlandyrmak, önümçilik we sarp ediş görnüşleriniň üýtgemegi ýaly ykdysady işjeňligiň täze görnüşlerine mümkinçilik döretmek arkaly ýapyk aýlaw ykdysadyýetine (zyýansyz ykdysadyýet) geçmäge ýardam berýär.

Bu mowzuk “akylly” şäherler düşünjesini durmuşa geçirip başlan Türkmenistan üçin hem diýseň möhümdir, ýurdumyzda Kopetdagyň eteginde gurulýan ilkinji ekoşäher Arkadag muňa aýdyň mysal.

Komissiýanyň 70-nji sessiýasy BMG ÝYK sebitinden ministrleri we ministrleriň orunbasarlaryny bir ýere jemlär we agza döwletlere durnukly ösüş bähbitli sanly we ekologoki özgertmeler boýunça tejribe alyşmaga, ykdysady integrasiýa we hyzmatdaşlyk meselelerine garamaga mümkinçilik döreder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026