Koreý kompaniýalary Arkadag şäherinde taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär


Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleleri boýunça orunbasary Kaň Jae Kwon öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çäginde, şol sanda Arkadag şäheriniň gurluşygynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. Bu barada diplomat anna güni Koreýanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Begenç Durdyýew bilen geçirilen duşuşykda aýtdy.
“Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary giňeltmekde iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň aýratyn möhüm ähmiýetini bellediler” – diýip, türkmen ilçihanasy duşuşyga beren teswirinde belleýär.

“Hususan-da, taraplar Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Seul şäherine bolan resmi saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine syn berdiler.
Duşuşygyň dowamynda diplomatlar şu ýylda meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere we duşuşyklara aýratyn üns berdiler” – diýip, diplomatik edara teswiriň üstüni ýetirýär.
ORIENT news








