«Diplomatic World» žurnaly Türkmenistanyň ykdysadyýeti, syýasaty we medeniýeti barada gürrüň berdi


Ýewropada we dünýädäki diplomatik durmuş barada jemgyýetçilik pikirini emele getirýän täsirli dünýä guramasy bolan Brýusselde ýerleşýän abraýly «Diplomatic World» žurnaly 70 ýyllyk ýubileý sanynyň ýörite bölümini Türkmenistana we onuň ykdysadyýetde, energiýada, söwdada, medeniýetde we beýleki pudaklarda gazanan üstünliklerine bagyşlady.
Giňeldilen birnäçe neşirde žurnal senagat toplumyny diwersifikasiýa etmek boýunça alnyp barylýan işler, telekeçilik hereketiniň eksport mümkinçiliklerini döretmekdäki orny, şeýle hem 2022-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda köp ýurtlaryň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara konferensiýa barada gürrüň berdi.
Forumyň wekilleriniň arasynda Diplomatik dünýä institutynyň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory Barbara Ditrih we adybir urnalyny neşir edýän we türkmen diplomat kärdeşleri bilen işjeň aragatnaşyk saklaýan institutyň taslama koordinatory Alberto Turkstra bar.
Maslahata gatnaşmakdan başga-da, häzirki Türkmenistanyň durmuşyny öz gözleri bilen görmäge, ýolbaşçylar bilen şahsy duşuşyklarda milli maksatnamalar we ösüş meýilnamalary bilen gönüden-göni tanyşmaga, Türkmen paýtagtynyň muzeýlerine we beýleki gyzykly ýerlerine baryp görmäge hem-de binagärlige haýran galmaga mümkinçilik tapyldy. Barbara Ditrih we Alberto Turkstra abraýly «Diplomatic World» çärýeklik žurnalynyň täze sanynyň sahypalaryndan bu gezek höwesli täsirleri, analitik teswirleri we bilermenleriň pikirlerini paýlaşdylar.
Taryhy we medeni hadysa hem-de türkmen halkynyň buýsanjy hökmünde ahalteke bedewine aýratyn hekaýa berildi. «Mümkin, hiç kim atlary türkmenler ýaly söýmeýändir», - diýip awtor bedewleriň bu täsin tohumy we milletiň däp-dessurlarynda haýsy orny eýeleýändigi, Türkmenistanda at ösdürip ýetişdirmegiň häzirki zaman infrastrukturasy barada gürrüň berdi.
Türkmen medeniýetiniň başga bir markasy, üns bermezlik, tanamak we haýran galmazlyk mümkin bolmadyk ajaýyp nyşany – halydyr. Bu mowzuga baý taryhy we täsin mirasy, ägirt uly ykdysady mümkinçiligi, halkara gatnaşyklaryny çalt ösdürýän we parahatçylygy goraýyş diplomatiýasyny işjeň durmuşa geçirýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň tanyşdyryş bölüminde jemleýji makala berildi.
Diplomatic World — dünýä syýasaty, diplomatiýa, işewürlik, maliýe, sungat we medeniýeti baglanyşdyrýan sanly we çap görnüşinde üç aýdan bir gezek neşir edilýän halkara žurnaldyr. Ol ykdysady, syýasy we diplomatik ugurlarda karar berýänleriň arasynda aýratyn interfeýsi aňladýar. Neşir ýokary derejeli okyjylara, şol sanda ilçiler, döwlet baştutanlary, EB guramalarynyň wekilleri we öňdebaryjy köpmilletli kompaniýalaryň ýolbaşçylary, analitik merkezleriniň arasynda ýaýbaňlanýar hem-de bu giň we dürli jemgyýete soňky diplomatik, halkara we Ýewropa wakalaryň çuň we kesgitli düşünjelerini berýär.
ORIENT news








