Türkmenistanyň we Eýranyň Baştutanlary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler


Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleri - Serdar Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi anna güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. Döwlet Baştutanlary Oraza aýy mynasybetli birek-biregi gutladylar we ikitaraplaýyn gepleşik meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň we Eýranyň ýolbaşçylary Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýunynda Tährana eden saparynda gazanylan ylalaşyklaryň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar. Abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda BMG we beýleki guramalar bilen netijeli gatnaşyklara ygrarlydyklary tassyklandy.
Prezidentler telefon arkaly söhbetdeşlikde ýangyç, energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda we oba hojalygynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Serdar Berdimuhamedow we Ebrahim Raisi ylym we bilim, medeniýet we sungat, sport ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek barada gürrüň etdiler.
ORIENT news








