Russiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň DIM-niň baştutanlary köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar


Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri 14-nji aprelde Özbegistanyň Samarkant şäherinde dürli ugurlardaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşarlar.
Gürrüň syýasy-ykdysady, söwda-ykdysady, ulag, energetika we medeni-ynsanperwerlik ugurlar barada barýar. Taraplar şeýle hem 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Astanada geçen Russiýa—Merkezi Aziýa birinji sammitiniň kararlarynyň ýerine ýetiriliş mehanizmine hem degip geçerler.
Bulardan başga-da, daşary syýasat edaralarynyň baştutanlary halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça bahalandyrmalaryny alşarlar we öz garaýyşlaryny deňeşdirip görerler.
Duşuşyga Sergeý Lawrowyň gatnaşjakdygyny eýýäm Russiýanyň DIM tassyklady.
ORIENT habarlar








