Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen welosipedli ýörişiň başyny çekdi


Aşgabatda 7-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we ýurduň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi.
Welosipedli ýöriş paýtagtyň günortasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan Bütindünýä welosiepd gününiň hormatyna dikeldilen monumentiň ýanyndan başlandy.
Bu ýerden ugur alan ýörişe gatnaşyjylar Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollary boýunça şäheriň merkezine tarap ugradylar. Çärä gatnaşyjylaryň geçýän ugrunyň ýolboýunda çeper döredijilik toparlary olary öz aýdym-sazlary bilen goldadylar.
Däp bolup gelşi ýaly, çärä dürli pudaklaryň wekilleri, talyplar, türgenler we Döwletliler köşgüniň terbiýelenýänleri —bir müň bäş ýüze golaý adam gatnaşdy. Olar bilelikde 11 200 metr aralygy geçip, Ruhyýet Köşgüniň ýanynda finişe ýetdiler.
Şuňa meňzeş sport çäreleri 7-nji aprelde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda geçýär.
ORIENT habarlar








