HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BOMKA Türkmenistanda operatiw-gözleg işlerini alyp barýan işgärler üçin seminar geçirdi

Aprel 07, 2023 | 14:51 |13323
Ýewropa Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleriň dolandyrylmagyna ýardam bermek maksatnamasy (BOMKA 10) Türkmenistanda operatiw-gözleg işlerini alyp barýan işgärler üçin seminar geçirdi – diýip, Maksatnamanyň resmi saýty habar berýär.Ýewropa Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleriň dolandyrylmagyna ýardam bermek maksatnamasy (BOMKA 10) Türkmenistanda operatiw-gözleg işlerini alyp barýan işgärler üçin seminar geçirdi – diýip, Maksatnamanyň resmi saýty habar berýär.
Çeşme: bomca-eu.org

Ýewropa Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleriň dolandyrylmagyna ýardam bermek maksatnamasy (BOMKA 10) Türkmenistanda operatiw-gözleg işlerini alyp barýan işgärler üçin seminar geçirdi – diýip, Maksatnamanyň resmi saýty habar berýär.

Çäräniň maksady – hukuk bozulmalarynyň derňewini geçirmäge ýöriteleşen işgärleriň mümkinçiligini ýokarlandyrmakdyr.

Seminarda Litwanyň Döwlet araçägini goramak gullugynyň Jenaýat derňewleri müdirliginiň bilermenleri gatnaşyjylary operatiw-gözleg maglumatlaryndan peýdalanmagyň, jogap beriji hukuk goraýjy çäreleriň esasynda işleri guramagyň ýörelgeleri bilen tanyşdyrdylar.

Milli seminaryň barşynda şeýle hem operatiw-gözleg maglumatyny ýygnamagyň modeli, bu ugurdaky maglumatlaryň bilelikde ulanylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çärä Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň we Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026