HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan 2024-2026-njy ýyllar üçin ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy

Aprel 07, 2023 | 12:30 |10053
BMG-niň Ykdysady we Sosial Geňeşiniň (ECOSOC) guramaçylyk sessiýasynda Türkmenistany BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) 2024-2026-njy ýyllar üçin Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýladylar. Bu barada Türkmenistanyň BMG-nyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň saýty habar berýär.BMG-niň Ykdysady we Sosial Geňeşiniň (ECOSOC) guramaçylyk sessiýasynda Türkmenistany BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) 2024-2026-njy ýyllar üçin Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýladylar. Bu barada Türkmenistanyň BMG-nyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň saýty habar berýär.
Çeşme: UNICEF

BMG-niň Ykdysady we Sosial Geňeşiniň (ECOSOC) guramaçylyk sessiýasynda Türkmenistany BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) 2024-2026-njy ýyllar üçin Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýladylar. Bu barada Türkmenistanyň BMG-nyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň saýty habar berýär.

Ozal Türkmenistan 2018-2020-nji ýyllarda ÝUNISEF-iň Ýerine ýetirji geňeşiniň düzümine giripdi.

Hökümetara goldawyny we gözegçiligi amala aşyrýan BMG-nyň Çagalar gaznasynyň ýolbaşçy edarasynyň agzasy hökmünde Türkmenistan ÝUNISEF-iň işine syn etmäge we onuň syýasatynyň, ýurt boýunça maksatnamalarynyň we býujetiniň tassyklanmagyna gatnaşar. Bu Türkmenistan üçin dünýä derejesinde çagalaryň abadançylygyny üpjün etmäge goşant goşmak üçin mümkinçilikdir, çaganyň hukuklaryna görä gatnaşykda öz borçnamalaryny berjaý etmekde dünýä jemgyýetçiligine görelde bolmak üçin mümkinçilikdir.

Işi Býuro tarapyndan utgaşdyrylýan Ýerine ýetirji geňeşiň düzümine BMG-niň agza-döwletleriniň bäş sebitleýin toparyna wekilçilik edýän 36 agza girýär. Geňeş her ýylda bir gezek ýygnanýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-niň 13 komissiýasynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň agzasydyr. Ýurt şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna ýedi gezek saýlandy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026