Serdar Berdimuhamedow Mejlisiniň VII çagyryşyň deputatlaryna sözlän sözi


Türkmenistanda adamyň we raýatyň Konstitusiýada hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklaryny, azatlyklaryny goramak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň esasy wezipeleriniň biri bolmaly, - diýip Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatda geçirilen Mejlisiniň ýedinji çagyryşynyň birinji maslahatynda deputatlara sözlän sözünde aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz deputatlara ýüzlenip, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki döwrüň talaplaryndan we oňyn halkara tejribeden ugur alyp, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze rejelenen görnüşini taýýarlamagyň zerur bolup durýandygyny belledi.
Prezidentimiziň aýtmagyna görä, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine we beýleki kodekslere üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler alnyp barylmaly. Şeýle hem, bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygyny göz öňünde tutup, bu ugurdaky kanunçylygy hem kämilleşdirmeli, harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy we harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky Kanunlaryna täzeden seretmeli.
Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijilerinden ugur alnyp, geljek ýylda amala aşyrylmaly işleriň ykdysady hasaplamalaryny edip, «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işlere häzirki wagtdan taýýarlyk görmeli. Döwlet Baştutanymyz, döwlet býujetine seredilende, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durnukly ösüş depginlerini üpjün etmek, goşmaça iş orunlaryny döretmek we zähmet haklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly wezipelere üns bermeli, - diýip döwlet Baştutanymyz belledi.
Serdar Berdimuhamedow,işewürlik gurşawyny gowulandyrmaga, telekeçilik işini höweslendirmäge, maliýe durnuklylygyny üpjün etmäge, gazna bazaryny ösdürmäge hem-de bäsleşikli bazar gurşawyny döretmäge gönükdirilen kadalar bilen bagly «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna, Türkmenistanyň Gümrük kodeksine, beýleki kanunlara döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek zerur bolup durýar. «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Daşary ykdysady iş hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmeli, diýip aýtdy.
Prezidentimiz, Halkara Zähmet Guramasynyň esasy kadalaşdyryjy namalaryndan gelip çykýan düzgünleri Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna ornaşdyrmak, zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek we zähmet şertlerini gowulandyrmak, işgärleriň konstitusion zähmet hukuklaryny kepillendirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi.
Şeýle hem, howandarlyga mätäç çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna doly gatnaşmaga bolan hukuklarynyň amala aşyrylmagyna ýardam bermek, olary durmuş taýdan goramagyň goşmaça kepilliklerini bellemek biziň ynsanperwer syýasatymyzyň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Maşgala kodeksine, raýat ýagdaýynyň namalary hakynda kanunçylyga hem täzeden seredilse, maksadalaýyk bolardy diýdi. Kanun çykaryjy işleriň beýleki ugurlarynyň arasynda Prezidentimiz milli taryhy we medeni mirasyň obýektlerini goramak, suw we ýer baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak we daşky gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin kanuny goldawyň bardygyny aýtdy. Suw kodeksi, gidrometeorologiki işjeňlik baradaky kanunlarda we daýhan ykdysadyýetinde täze neşir ýa-da üýtgeşmeler zerur, diýip belledi.
Oňyn bitaraplyk, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we konstruktiw halkara hyzmatdaşlygy ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasaty üstünlikler bilen bellenýär. Ýurdumyz möhüm sebit we global meseleleriň çözgütlerini işläp düzmäge, dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny berkitmäge we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm goşant goşmaga gönükdirilen oňyn başlangyçlary işjeň ýagdaýda öňe sürýär.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary syýasat işiniň, halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmelidiris diýip, deputatlaryň ünsüni parlament diplomatiýasynyň ähmiýetine gönükdirdi.
ORIENT news








