Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň başlygy TDG-yň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy


Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türki döwletleriň guramasynyň baş sekretary Kubanyçbek Omuralyýew bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Duşuşyk duşenbe güni wideo arkaly geçirildi. Türkmenistanyň bu TDG bilen baglanyşykly birnäçe düzümleri, şol sanda Guramanyň Ýaşulular geňeşi, TURKPA, Türk Söwda-senagat palatasy, Türkiýäniň Medeniýet we Miras gaznasy bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanýandygy bellendi, - diýip Daşary işler ministrliginiň saýty habar berýär.
Taraplar 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Samarkantda geçirilen TDG-yň sammitiniň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şu ýylyň mart aýynda Ankarada geçirilen sammitiň ähmiýetini bellediler.
Türkmenistan, agzalary Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan bolan TDG-da synçy statusyna eýedir.
ORIENT news








