Türkmenistan we TÜRKSOY bilelikdäki çäreleri taýýarlaýarlar


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köpsanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy – diýip, türkmen DIM-iň metbugat gullugy habar berýär.
Raşid Meredow we Sultanbaý Raýew şu ýyl we 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary — Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de şol ýylda gadymy Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly geljek ýyl Türkmenistanda geçiriljek bilelikdäki çäreleri guramak barada pikir alyşdylar.
2023-nji ýylda Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gurama agza ýurtlarda dürli çäreler geçiriler. Hususan-da, ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanda TÜRKSOÝ-yň Medeniýet günleri iýun aýynda geçiriler.
ORIENT news








