Türkmenistandan gelen woleýbolçylar - Tatarystandaky abraýly ýaryşyň ýeňijileri boldular


Kazan (Priwolžskiý) federal uniwersitetiniň Ýelabuž institutynyň türkmen talyplarynyň «Magtymguly Pyragy» woleýbol topary Talyp sport klublarynyň birleşmesiniň çempionatynyň (АССК) respublika derejesinde ýeňiş gazandy.
Final oýunda türkmen woleýbolçylary Sport akademiýasynyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda utdular.
Indi «Magtymguly Pyragy» topary 16-njy aprelden 20-nji aprele çenli Saranskide geçiriljek birinjiligiň bütinrussiýa tapgyrynda çykyş eder. Ol Tatarystan Respublikasynyň talyplar klubyna wekilçilik eder.
Ýaryşa jemi 12 talyplar topary gatnaşdy.
Ozal düzüminde Isgender Nazarow (toparyň kapitany), Şatlyk Hojaýew, Halmyrat Gulbaýew, Omar Amangeldiýew, Atajan Şaýymow, Aganazar Taganow, Durdymyrat Agamyradow we Hemra Isaýew bolan «Magtymguly Pyragy» topary 2022-nji ýylda Tatarystanyň Talyp sport ligasynyň ýeňijileri bolupdy.
Öz gezeginde, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullygy (Kazan ş.) olary sport esbaplary bilen üpjün edip, türkmen talyplaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýär.
ORIENT habarlar








