HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň täzelenen reýtinginde eýeleýän ornuny gowulandyrdy

Aprel 05, 2023 | 10:47 |10451
Garyşyk başa-baş söweş görnüşiniň türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Bellator tarapyndan täzelenen reýtinginde ornuny gowulandyrdy.Garyşyk başa-baş söweş görnüşiniň türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Bellator tarapyndan täzelenen reýtinginde ornuny gowulandyrdy.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Garyşyk başa-baş söweş görnüşiniň türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Bellator tarapyndan täzelenen reýtinginde ornuny gowulandyrdy.

Ýarym agyr agram derejesinde çykyş edýän Ýagşymyradow bir orun ýokary galdy, şeýlelik bilen reýtingiň 6-njy ornunda ýerleşdi.

Ýarym agyr agramlykdakylaryň reýtinginde birinji setiri Russiýaly Wadim Nemkow eýeleýär. Ikinji ýerde ABŞ-dan Kori Anderson ýerleşdi, üçünji orun onuň watandaşy Fil Dewise degişlidir.

Ozal türkmen söweşijisiniň 10-njy martda San-Hosede (Kaliforniýa, ABŞ) bolup geçen Bellator 292 tutluşygynyň çäklerinde litwaly Julius Aglikasy ýeňendigini ýatladýarys.

33 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow 2020-nji ýylyň dekabrynda Bellator promouşen bilen şertnama gol çekip, bu guramada Türkmenistandan ilkinji söweşiji boldy. Türgeniň hasabynda 20 ýeňiş, 7 ýeňiliş we 1 deňme-deňlik bar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026