Türkmen tennisçi gyzy Aziýanyň çempionatynda ilkinji ýeňişini gazandy


Türkmen türgeni Ilima Guseýnowa 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Hindistanyň Bhubaneswarynda geçirilýän Aziýanyň çempionatynyň final tapgyrynda ilkinji ýeňişini gazandy.
Paýtagtdaky tennis akademiýasynyň türgeni Wýetnamdan gelen türgenden güýçli çykdy. Ýaryş 6:4,6:2 hasabynda Guseýnowanyň peýdasyna gutardy.
1/8 final ýagdaýynda türkmen türgeni Gazagystandan Ýewa Koryşewanyň garşysyna oýnamaly.
Türkmen türgeni Merkezi we Günbatar Aziýa toparynyň düzüminde çykyş edýär, oňa üstümizdäki ýylyň ýanwarynda Bahreýnde geçen sebitleýin seçim ýaryşynyň netijeleri boýunça saýlanyp alyndy.
Merkezi we Günbatar Aziýanyň çempionatynyň saýlama tapgyrynyň netijeleri boýunça Guseýnowa oçkolaryň gerekli mukdaryny toplady we Halkara tennis federasiýasyndan (ITF) ýaryşyň final bölüminde çykyş etmäge çakylyk aldy.
Merkezi we Günbatar Aziýanyň ýygyndylaryndan başga-da 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda Gazagystandan, Indoneziýadan, Hindistandan, Eýrandan, Gonkongdan, Koreýa Respublikasyndan, Kuweýtden, Malaýziýadan, Şri-Lankadan, Siriýadan, Tailanddan, Wýetnamdan türgenler, şeýle hem Günorta, Günorta-Gündogar we Gündogar Aziýanyň ýygyndylary gatnaşarlar.
4-nji aprelde başlanan çempionat yzly-yzyna gelýän iki ýaryşdan ybaratdyr. Reglamente görä türgenler şahsywe jübüt razrýadda çykyş ederler. Yklym birinjiligi 14-nji aprelde tamamlanar.
ORIENT habarlar








