HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow we türk birleşiginiň baştutany işewür hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Aprel 05, 2023 | 06:35 |12774
Türkmen-türk özara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça möhüm meseleler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň baştutany Rifat Hisarjyklyoglunyň arasyndaky gepleşikleriň esasy özeni boldy – diýip, TDH habar berýär.Türkmen-türk özara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça möhüm meseleler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň baştutany Rifat Hisarjyklyoglunyň arasyndaky gepleşikleriň esasy özeni boldy – diýip, TDH habar berýär.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet teleradiosy

Türkmen-türk özara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça möhüm meseleler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň baştutany Rifat Hisarjyklyoglunyň arasyndaky gepleşikleriň esasy özeni boldy – diýip, TDH habar berýär.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna — ykdysadyýetiň ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy, azyk we dokmapudaklaryndaky taslamalary durmuşa geçirmek degişli bolup durýar. Şeýle hem ekologiýa we ýokary tehnologiýalar ugruna hem uly ähmiýet berilýär.

Şu jähtde Arkadag şäheriniň taslamasyna deglip geçildi, Halk Maslahatynyň baştutanynyň belleýşi ýaly, ol ekologiýa üns berip, önümçilik kuwwatlyklaryny ösdürer.

Türkmen tarapy daşky gurşawy goramak baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek üçin suw geçiriji ulgamyň çekilmegine we munuň üçin gerekli önümleri satyn almaga gyzyklanma bildirýär. Türkiýäniň wekili öz ýurdunda öndürilen turbalaryň ekologik ölçeglere gabat gelýändigini belledi.

Şeýle hem täze şäherde ýeke-täk adatdan daşary gullugyň dörediljekdigi aýdyldy, iki ýurduň arasyndaky tejribe alşylmagy onuň döredilmegine goşant goşar. Hyzmatdaşlygy has giň gerimde işjeňleşdirmek üçin iki ýurduň işewürlik düzümleriniňarasyndaky dialogy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Söhbetdeşler ynsanperwer ugry boýunçahyzmatdaşlygynyň meselelerine hem degip geçdiler, hususan-da, gürrüň bilim we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklar barada boldy.

Gepleşikleriň netijesi boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow öňde duran prezident saýlawlarynda Rejep Taýyp Ärdogany goldaýandygyny, onuň ýanýoldaşy Emine Ärdoganyň BMG-niň galyndysyz önümçilik boýunça bu guramanyň sessiýasynda eden çykyşyny hem goldaýandygyny beýan etdi.

Rifat Hisarjyklyoglu türkmen tarapyna türk kompaniýalarynyň işlemegi üçin döredilen şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026
Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

Egeý we Ortaýer deňizleriniň kenarlary boýunça arheologik syýahat

21:43 Sentýabr 17, 2026
Türkiýe BMG-niň COP31 howa sammitini kabul eder: iň iri halkara forumy Antalýada geçiriler

Türkiýe BMG-niň COP31 howa sammitini kabul eder: iň iri halkara forumy Antalýada geçiriler

21:40 Sentýabr 17, 2026