HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

UNODC wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirdi

Aprel 04, 2023 | 23:12 |9798
Birleşen Milletler Guramasynyň Neşelere we jenaýata garşy göreş müdirliginiň (UNODC) wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşik geçirmek üçin Aşgabat şäherine geldi. Duşenbe güni Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew UNODC-nyň Syýasat derňewi we jemgyýetçilik gatnaşyklary bölüminiň müdiriniň orunbasary Fýodor Klimçuk we Bilelikdäki maliýeleşdiriş we hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygynyň orunbasary Igor Kondratýew bilen duşuşdy.Birleşen Milletler Guramasynyň Neşelere we jenaýata garşy göreş müdirliginiň (UNODC) wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşik geçirmek üçin Aşgabat şäherine geldi. Duşenbe güni Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew UNODC-nyň Syýasat derňewi we jemgyýetçilik gatnaşyklary bölüminiň müdiriniň orunbasary Fýodor Klimçuk we Bilelikdäki maliýeleşdiriş we hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygynyň orunbasary Igor Kondratýew bilen duşuşdy.
Çeşme: МИД Туркменистана

Birleşen Milletler Guramasynyň Neşelere we jenaýata garşy göreş müdirliginiň (UNODC) wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşik geçirmek üçin Aşgabat şäherine geldi. Duşenbe güni Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew UNODC-nyň Syýasat derňewi we jemgyýetçilik gatnaşyklary bölüminiň müdiriniň orunbasary Fýodor Klimçuk we Bilelikdäki maliýeleşdiriş we hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygynyň orunbasary Igor Kondratýew bilen duşuşdy.

Türkmen daşary syýasy edarasynyň habar bermegine görä, taraplar neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşmek boýunça milli, sebitleýin we global UNODC maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Myhmanlar Türkmenistanyň bu ugurdaky işine ýokary baha berdiler, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlygy we 2023-nji ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler geçen ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda, Ýakyn we Orta Gündogarda Neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy we şuňa meňzeş meseleler boýunça kiçi toparyň 55-nji mejlisiniň üstünlikli geçirilendigini bellediler. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar BMG-nyň neşe serişdelerine garşy göreş toparynyň 2023-nji ýylyň mart aýynyň ortalarynda Wenada geçirilen 66-njy mejlisiniň netijelerine-de aýratyn üns berdiler.

Duşuşykda diplomatlar serhetleri we gümrük düzgünlerini berkitmek ugrundaky hyzmatdaşlygyň geljegine-de garadylar. Bu ugurlar Türkmenistan bilen UNODC-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar.

Adam söwdasyna garşy göreş babatynda hyzmatdaşlygyň çäginde UNODC türkmen hünärmenlerine häzirki Milli meýilnamanyň möhletiniň tamamlanýandygy bilen baglanyşykly 2023-2025-nji ýyllar üçin täze meýilnama düzmekde kömek bermegi teklip etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026