Özbegistanyň Daşary işler ministrliginde GDA agza ýurtlaryň ilçileri bilen duşuşyk geçirildi


Özbegistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Bahromjon Aloýew duşenbe güni Daşkentde GDA döwletleriniň - Azerbaýjanyň, Belarussiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň diplomatlary bilen maslahat duşuşygyny geçirdi. Ýurdumyza ilçi Ýazguly Mämmedow wekilçilik etdi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda aýdylýar.
Diplomatlar bilen bolan Daşkent duşuşygyndan soň 14-nji aprelde Samarkantda Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar guramaçylyk we teswirnama meseleleri we GDA-nyň daşary işler ministrleriniň gepleşikleriniň tematiki mazmuny barada pikir alyşdylar.
Arkalaşygyň ýurtlarynyň Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Özbegistana 13-nji aprelde Owganystan boýunça Samarkantda geçiriljek ministrler ýygnagyna gatnaşmak üçin bir gün öň bararlar.
Mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň daşary işler ministrlerinden başga-da, Owganystan bilen serhetleşýän döwletleriň wekilleri - Hytaýyň we Pakistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşar – diýlip, habarda bellenilýär.
ORIENT news








