Türkmenistanda STRIVE Asia taslamasynyň ýurt düzüm böleginiň jemleri jemlendi


Türkmenistanda Ýewropa Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizme garşy durnuklylygy güýçlendirmek. ÝB-niň we BMG-niň bilelikdäki hyzmatdaşlygy» (STRIVE Asia) bütindünýä taslamasynyň ýurt düzüm böleginiň jemleri jemlendi.
Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar taslamanyň çäklerindäki ýetilen ösüşleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, milli hyzmatdaşlaryň görkezilen ugurda habardarlygyny ýokarlandyrmak boýunça mümkinçiligini artdyrmak, ýaşlara maslahat goldawyny bermek boýunça verine vetirilen işlere garaldy. Gatnaşyjylar şeýle hem ýaşlarda olaryň innowasion taslamalara gatnaşdyrylmagy arkaly sanly başarnyklary we şahsyýetara gowy aragatnaşyk başarnyklaryny ösdürmek boýunça tejribäni hödürlediler.
Şunuň bilen baglylykda, «Ýeňme» we «Eko Durmuş» jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Aşgabatdaky, Daşoguzdaky we Tejendäki grant taslamalarynyň çäklerinde işleriniň netijeleri bilen tanyşdyrdylar.
2020-nji ýylda badalga berlen bütindünýä taslama Strive Asia-nyň ýurt düzüm bölegi zorlukly ekstremizmiň öňüni almak (ZEÖA) boýunça jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak arkaly ýerli jemgyýetleriň durnuklylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilipdi we ZEÖA bilen baglanyşykly maksatlara ýetmekde hökümetiň we jemgyýetçilik guramalarynyň tagallalaryny goldamakdy.
Jemleýji duşuşykda bu ugur boýunça ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri, paýtagtyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýurduň hususy pudagy, şeýle hem DÖM-nyň ýaş ilçileri gatnaşdylar.
ORIENT habarlar








