Türkmenistanyň stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýetginjekler ýygyndysy Kazandaky ýaryşda çykyş eder


Türkmenistanyň stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýetginjekler milli ýygyndysy 31-nji martdan 2-nji aprel aralygynda Kazanda geçiriljek «Tatarystan Respublikasynyň umytlary» ýaryşynda çykyş eder.
ORIENT-e Türkmenistanyň stoluň üstünde oýnalýan Tennis federasiýasynda habar bermeklerine görä, milli ýygyndynyň düzümine alty türgen girdi: Mukam Artykow, Dörtguly Allanazarow, Nazar Abdyýew, Elina Ahmedowa, Atahan Pygamow we Jennet Amandurdyýewa.
Ýetginjek türkmen türgenleri çempionatda Raşid Ahmedowyň ýolbaşçylygynda çykyş ederler.
«Tatarystan Respublikasynyň umytlary» ýaryşy — her ýylda geçirilýän bäsleşik bolup, sportuň bu görnüşiniň güýçli wekillerini ýüze çykarmak üçin üç ýüzden gowrak gatnaşyjyny ýygnar.
ORIENT habarlar








