Minskde GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň Soçide ara alyp maslahatlaşjak mowzuklarynyň birnäçesi mälim edildi


30-njy mart, penşenbe güni Minskde GDA-nyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň we GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça komissiýanyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Gibrid formatda geçirilen mejlise GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar ara alnyp maslahatlaşylan esasy temalaryň arasynda GDA ýurtlarynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 8-nji iýunda Soçide geçiriljek nobatdaky mejlisiniň gün tertibiniň taslamasyna garadylar. Hökümet baştutanlarynyň garamagyna 15 mesele hödürlenýär. Olaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary barada pikir alyşmak, Hyzmatlar bilen erkin söwda etmek, maýa goýum işini döretmek we amala aşyrmak hakynda Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak, GDA döwletleriniň senagat hyzmatdaşlygyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmek konsepsiýasy, mümkinçiligi çäklendirilen çagalaryň arasynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň spartakiadasyny geçirmek ýaly meseleler bar. Şeýle-de mejlise gatnaşyjylar GDA-nyň Terrorçylyga garşy merkeziniň başlyklarynyň orunbasarlaryny bellemek bilen baglanyşykly kararlary kabul ederler.
Şeýle-de Minskde 14-nji aprelde Samarkantda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine taýýarlyk işlerini hem seljerdiler. GDA formatynda halkara meselelerini we hyzmatdaşlygy, ýokary hünär derejeli žurnalistleri taýýarlamak boýunça esasy guramany döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşarlar.
Hemişelik doly ygtyýarly wekilleriň geňeşi tarapyndan GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew 30-njy aprelde meýilleşdirilýän Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýa kanunynyň taslamasy boýunça geçirýän referendumyna synçylar toparynyň başlygy wezipesine tassyklandy.
ORIENT news








