GDA gözegçilik missiýasy Türkmenistanda geçiriljek saýlawlar boýunça beýannama çap etdi


GDA-nyň synçylarynyň missiýasy 26-njy martda geçirilen Türkmenistan Mejlisiniň ýedinji çagyryşynyň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine syn etmegiň netijeleri barada beýannama çap etdi.
Resminamanyň mowzugyndaky esasy netije,saýlawlaryň giň bäsdeşlik esasda we ýokary guramaçylyk derejesinde, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, Konstitusiýa, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirilmegi we demokratik saýlawlary geçirmegiň ählumumy halkara ülňülerine laýyk gelmegidir
GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewiň ýolbaşçylygyndaky missiýanyň düzüminde Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa Federasiýasy, Täjigistan, Özbegistan, şeýle hem GDA agza döwletleriň Mejlisara assambleýasyna, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine wekilçilik edýän 49 adam akkreditasiýa edildi.

«Missiýa, Türkmenistanyň kanunçylygyna, Arkalaşygyň çäginde kabul edilen resminamalara, saýlaw işine goşulmazlyk we döwletiň özygtyýarlylygyna hormat goýmak ýörelgelerine laýyklykda erkin we garaşsyz amala aşyryldy», - diýlip bellenilýär. Beýannama dolulygyna GDA Ýerine ýetiriji komitetiniň saýtynda ýerleşdirildi.
Missiýanyň agzalary ýurtda halkara syn üçin zerur şertleriň döredilendigini, ähli sebitlerde, Aşgabatda syn edendiklerini we ses berişligiň raýatlaryň işjeňligi bilen asuda we tertipli geçirilendigini mälim etdiler.

Saýlaw işiniň açyklyk we aýanlyk ýörelgesini durmuşa geçirmek üçin ýurduň ähli sebitlerindäki 240 saýlaw uçastogy, ses berilşigi internetde ýaýlyma berýän kameralar bilen enjamlaşdyryldy.
«Synçylar tarapyndan ýazylan ýörite ýalňyşlyklar tehniki häsiýete eýe bolup, uçastok toparlary tarapyndan derrew ýok edildi», - diýilp beýannamada bellenilýär. Missiýanyň agzalary sesleri sanamagyň tertibine syn etdiler we saýlaw kanunçylygyna laýyklykda geçirilendigini bellediler.
ORIENT news








