Türkmenistanyň ilçisi Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ösüş boýunça 10-njy forumyna gatnaşdy


Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow Bangkokda geçirilýändurnukly ösüş boýunça 10-njy Aziýa -Ýuwaş ummany forumyna (APFSD) gatnaşdy. Onuň dowamynda sebitdäki ýurtlaryň wekilleri 2030-njy ýyla çenli meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegi babatda pikir alyşdylar.
Onda arassa suw we arassaçylyk serişdeleri, şeýle hem elýeterli we arassa energiýa bilen üpjün etmek, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkalyinfrastrukturany we senagaty döretmek ýaly maksatlara ýetilmegi hakynda gürrüň edildi – diýip, forumyň metbugat gullugy habar berýär.
Malaýziýadaky türkmen diplomatik wekilhanasynyň baştutany, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça Ykdysady we sosial kommisiýasynyň (ESKATO) hemişelik wekili bolmak bilen, rezolýusiýalar boýunça iş toparynyň wekili Arman Isetow bilen hem duşuşdy.
ORIENT habarlar








