HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ilçisi Niderlandyň Patyşasyna ynanç hatyny gowşurdy

Mart 30, 2023 | 16:13 |11435
Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Palwanow Niderlandlaryň Patyşasy Willem Aleksandra ynanç hatyny gowşurdy.Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Palwanow Niderlandlaryň Patyşasy Willem Aleksandra ynanç hatyny gowşurdy.
Çeşme: предоставлено посольством Туркменистана в Бельгии

Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Palwanow Niderlandlaryň Patyşasy Willem Aleksandra ynanç hatyny gowşurdy.

Çarşenbe güni geçirilen resmi kabul edişlikde diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowdan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ilçi Türkmenistanyň Hökümetiniň hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge we berkitmäge ymtylýandygyny nygtady.

113-1.jpeg

Öz gezeginde, Willem Aleksandr hem Niderlandlar patyşalygynyň hem Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Kabul edişlikde özara ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin iki tarapyň hem uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Bu babatda energetika we «ýaşyl» energiýa, gämi gurluşygy, portara hyzmatdaşlyk, oba hojalygy, maglumat tehnologiýasy ýaly, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary agzalyp geçildi.

Patyşa iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň we Niderlandlaryň bazarlarynda üpjünçiligi we islegi, maýa goýum ýagdaýyny, işewürligiň geljegini we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça hemişelik dialogy ýola goýmak baradaky teklibi goldady.

2.jpeg

Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda ýerleşýän Merkezi Aziýa sebiti, esasan hem Türkmenistan yklymara ulag geçelgeleriniň ösmeginde aýgytly orun eýeläp biler diýip, Willem Aleksandr belledi.

Sapar Palwanow Amsterdamdaky saparynyň çäklerinde, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlary üçin guralan okuwlara we kurslara işjeň gatnaşmaklary sebäpli türkmen diplomatlary bilen gowy gatnaşykda bolan Klingendal Halkara gatnaşyklar akademiýasynyň müdiri Ron Ton bilen hem duşuşdy.

Duşuşykda diplomatlary taýýarlamagyň usulyýeti boýunça tejribe alyşmak boýunça niderlandlar akademiýasynyň mugallymlary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

3.jpeg

Şeýle hem, Ron Ton, parahatçylyk gepleşikleri we diplomatiýa mowuzgy boýunça Türkmenistanda guralan halkara çärelere we konferensiýalara gatnaşmaga çagyryldy. Klingendael-iň müdiri, bu çäreleriň gün tertibiniň Niderlandlaryň Diplomatik akademiýasynyň ileri tutýan ugurlaryna doly laýyk gelýändigi sebäpli, şeýle gatnaşyga gyzyklanma bildirdi we öz gezeginde Türkmenistanyň wekilleri institutyň maksatly diňleýjileri üçin Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty, ykdysadyýet, howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk ýaly mowzuklarda çykyş etmäge çagyrdy.

582514 (1)-1.jpeg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026