HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti neşe serişdeleriniň söwdasyna garşy göreşmek boýunça sebitleýin seminara gatnaşdy

Mart 30, 2023 | 16:38 |5941
Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri bilen birlikde Türkmenistanyň wekiliýeti neşe serişdeleriniň we iň täze psihoaktiw jisimleriň bikanun söwdasyna garşy göreşmek boýunça sebitleýin seminaryna gatnaşdy.Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri bilen birlikde Türkmenistanyň wekiliýeti neşe serişdeleriniň we iň täze psihoaktiw jisimleriň bikanun söwdasyna garşy göreşmek boýunça sebitleýin seminaryna gatnaşdy.
Çeşme: Aşgabatdaky ÝHHG-niň Merkezi tarapyndan berildi

Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri bilen birlikde Türkmenistanyň wekiliýeti neşe serişdeleriniň we iň täze psihoaktiw jisimleriň bikanun söwdasyna garşy göreşmek boýunça sebitleýin seminaryna gatnaşdy.

Iki günlük çäräniň gurnaýjylary bolup ÝHHG BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk baradaky Müdirligi (UNP OON) bilen hyzmatdaşlykda çykyş etdiler. Ol neşe howpunyň täze meselelerine garşy göreşmekde öňdebaryjy tejribäni maslahatlaşmak üçin degişli ministrlikleriň we edaralaryň ýüze golaý wekilini ýygnady.

Hususan-da, Türkiýeden, Italiýadan we Merkezi Aziýa sebitleýin maglumatlar we utgaşdyryş merkezinden bolan bilermenler neşe serişdeleriniň bikanun söwdasyna garşy göreşmegiň hereket edýän sebitleýin mehanizmlerini, täze psihoaktiw jisimleri ýüze çykarmak boýunça serhet gözegçiliginiň döwrebap ulgamlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Çäräniň dowamynda BMGÖM-nyň, ÝHHG-nyň Sekretariatynyň transmilli howplara garşy göreşmek boýunça Departamentiniň, Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamanyň we Merkezi Aziýada neşelere garşy göreş boýunça hereket ediş maksatnamasynyň wekilleri neşe howplary meselesini çözmeklige gönükdirilen taslamalaryny hödürlediler.

«Seminaryň bütindünýä neşe meselesiniň sebitleýin howpsuzlyga, durnuklylyga we ykdysady gülläpösmeklige täsir etmegine garşy göreşmek maksady bilen, halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin platforma boljakdygyna biz umyt edýäris» - diýip, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň baştutany MakGregor özüniň giriş sözünde aýtdy we bütindünýä neşe meselesiniň netijeli we has giň halkara hyzmatdaşlygyny talap edýän umumy we bilelikdäki jogapkärçilik bolup galýandygyny belledi.

Sebitleýin okuw seminarynyň ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň «Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak»atly býujetden daşary köp donorly taslamasynyň çäklerinde Ýaponiýanyň hökümetiniň maliýe taýdan goldamagy bilen gurnalandygyny belläp geçmelidiris.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026