Türkmen agyr atletikaçysy Albaniýadaky ýetginjekleriň çempionatynda bürünç medal gazandy


Türkmen ştangaçysy Gülälek Kakamyradowa Durresde (Awstriýa) geçýän ýetginjekleriň dünýä çempionaty-2023-de bürünç medaly gazandy.
Kakamyradowa silterläp galdyrmakda 64 kg çenli agram derejesinde bürünç baýragyň eýesi boldy. Birinji görnüşden soňra türkmen agyr atletikaçysy gazagystanly türgen Taisýa Alekseýewadan we Tailanddan gelen türgenden 5 kg (93 kg) yza galyp, üçünji (88 kg) boldy.
Ýöne silterläp galdyrmakda Gülälek 101 kg götermegibaşardy, netijede 5-nji ýeri eýeledi (görnüşleriň jemiboýunça 189 kg).
Ýaryşlaryň bäş gününden soňra Türkmenistanyň ýygyndysy 10 medal bilen (6 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç) öz hasabynda 10 medaly (7 altyn, 4 kümüş we 1 bürünç) bolan diňe Filippinleriň toparyndan yza galyp, umumy topar hasabynyň ikinji setirinde ýerleşdi.
Bu ýaryşda türkmen milli ýygndysyna 9 türgeniň wekilçilik edýändigini ýatladýarys.
Erkekleriň toparyny: Nurbek Azamatow (49 kg agramderejesinde), Perhat Bahtiýarow (61 kg çenli), Didarbek Jumabaýew (67 kg çenli) we Süleýmän Jafarow (96 kg çenli) düzdüler.
Zenanlar toparyna: Şebnam Kerimbaýewa (40 kg çenli), Ogulşat Amanowa (45 kg çenli), Medine Amanowa (59 kg çenli), Gülälek Kakamyradowa (64 kg çenli) we Anamjan Rustamowa (81 kg çenli) girdiler.
Türkmenistandan baran agyr atletikaçylar dünýä birinjiliginde Gurbandurdy Amanowyň we Ahmet Saryýewiň ýolbaşçylygynda çykyş edýärler.
Agyr atletika boýunça ýetginjekleriň çempionaty – IWF howandarlygynda her ýyl geçirilýän ýaryşdyr. Bu gezekki ýaryş 61 ýurtdan 13 ýaşdan 17 ýaşa çenli üç ýüzden gowrak agyr atletikaçy türgenleri ýygnady, olar 20 agram derejelerinde medallar ugrunda bäsleşýärler. 25-nji martda başlanan çempionat 1 aprelde tamamlanýar.
ORIENT news








