HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistandan 100-e golaý telekeçi türkmen-täjik işewürlik forumyna gatnaşar

Mart 30, 2023 | 11:36 |8277
Türkmenistanyň we Täjigistanyň telekeçileriniň Işewürler geňeşiniň birinji ýygnagy we işewürlik forumy şu ýylyň 6-njy aprelinden 8-nji apreli aralygynda Duşenbede geçiriler – diýip, Täjigistanyň «Howar» agentligi habar berýär.Türkmenistanyň we Täjigistanyň telekeçileriniň Işewürler geňeşiniň birinji ýygnagy we işewürlik forumy şu ýylyň 6-njy aprelinden 8-nji apreli aralygynda Duşenbede geçiriler – diýip, Täjigistanyň «Howar» agentligi habar berýär.
Çeşme: unsplash.com

Türkmenistanyň we Täjigistanyň telekeçileriniň Işewürler geňeşiniň birinji ýygnagy we işewürlik forumy şu ýylyň 6-njy aprelinden 8-nji apreli aralygynda Duşenbede geçiriler – diýip, Täjigistanyň «Howar» agentligi habar berýär.

Öňde duran işewürlik forumyna 100-e golaý türkmen telekeçileriniň we eksport edijileriniň, täjik tarapyndan 200-den gowrak telekeçiniň gatnaşmagyna garaşylýar. Işewürlik forumynyň esasy maksady — täze hyzmatdaşlary gözlemek we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdyr.

Şuňa meňzeş soňky forum 2017-nji ýylda bolupdy. Forumyň çäklerinde maýa goýumlar babatynda özara hyzmatdaşlygyň geljeginiň we iki dostlukly ýurduň telekeçilik jemgyýetleriniň arasynda işewürlik we ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Hyzmatdaşlygyň geljegi bolan ugurlar diýlip ulaga, ýük daşamalaryna we Türkmenistanyň üstaşyr geçelgeleriniň ulanylmagyna düşünilýär.

Ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň apreliň birinji ýarymynda Täjigistana baryp görjekdigi habar berlipdi .

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026