Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň BA-nyň Galyndysyz önümçilik baradaky ýokary derejedäki maslahatyna gatnaşar

Mart 29, 2023 | 17:34 |7045
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 30-njy martda Nýu-Ýorkda geçjek BMG-niň Baş Assambleýasynyň Galyndysyz önümçilik baradaky ýokary derejedäki maslahatyna gatnaşar – diýip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 30-njy martda Nýu-Ýorkda geçjek BMG-niň Baş Assambleýasynyň Galyndysyz önümçilik baradaky ýokary derejedäki maslahatyna gatnaşar – diýip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: nikvesti.com

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 30-njy martda Nýu-Ýorkda geçjek BMG-niň Baş Assambleýasynyň Galyndysyz önümçilik baradaky ýokary derejedäki maslahatyna gatnaşar – diýip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň saýtynda habar berilýär.

Çäräniň çäklerinde şeýle hem döwrebap şäher bolan Arkadagyň – Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň tanyşdyrylyşy bolar, onda galyndysyz tehnologiýalar, akylly şäher ulgamlary we döwrebäp ekologik çözgütler giňden ulanylýar.

Mähri Bäşimowa BMG-niň ýokary wezipeli şahslary bilen parahatçylygy pugtalandyrmak we sebit we bütindünýä derejesinde durnukly ösüşi gazanmak babatynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekligi ara alyp maslahatlaşmak üçin birnäçe duşuşyklary geçirer.

Galyndysyz dünýä üçin Halkara güni mynasybetly maslahat 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüşiň gün tertibine ýetmek üçin galyndylaryň ekologik taýdan esaslandyrylyp ulanylmagyna ýardam etmek maksady bilen, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy we BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (BMG Habitat) bilen bilelikde gurnalar.

Ol şeýle hem howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilmegine, biologiki dürlülik hakynda Konwensiýanyň, şäherleri ösdürmegiň Täze maksatnamasynyň we howply galyndylaryň serhetüsti daşalyşyna we olaryň ýok edilişine gözegçilik etmek hakynda Bazel konwensiýasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam etmäge niýetlenendir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026
Ýewropa iri tokaý ýangynlary bilen ýüzbe-ýüz boldy: ýylyň başyndan bäri 434 müň gektardan gowrak tokaý ýandy

Ýewropa iri tokaý ýangynlary bilen ýüzbe-ýüz boldy: ýylyň başyndan bäri 434 müň gektardan gowrak tokaý ýandy

20:00 Awgust 01, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagy sebäpli aradan çykanlaryň sany 1500-den geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagy sebäpli aradan çykanlaryň sany 1500-den geçdi

18:31 Awgust 01, 2026