HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýe tarapyndan başlangyç berlen Halkara galyndysyz güni bütin dünýäde bellenilýär

Mart 29, 2023 | 11:45 |7810
Geçen ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy özüniň 77-nji sessiýasynda Türkiýe bilen BMG-niň 105 beýleki agza-ýurtlary tarapyndan hödürlenen «2030-njy ýyla çenli döwürde Durnukly ösüş babatynda Gün tertibini öňe sürmek üçin galyndysyz önümçilik boýunça başlangyçlary höweslendirmek»atly 77/161 rezolýusiýany kabul etdi.Geçen ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy özüniň 77-nji sessiýasynda Türkiýe bilen BMG-niň 105 beýleki agza-ýurtlary tarapyndan hödürlenen «2030-njy ýyla çenli döwürde Durnukly ösüş babatynda Gün tertibini öňe sürmek üçin galyndysyz önümçilik boýunça başlangyçlary höweslendirmek»atly 77/161 rezolýusiýany kabul etdi.
Çeşme: Yandex.ru

Geçen ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy özüniň 77-nji sessiýasynda Türkiýe bilen BMG-niň 105 beýleki agza-ýurtlary tarapyndan hödürlenen «2030-njy ýyla çenli döwürde Durnukly ösüş babatynda Gün tertibini öňe sürmek üçin galyndysyz önümçilik boýunça başlangyçlary höweslendirmek»atly 77/161 rezolýusiýany kabul etdi.

Resminama laýyklykda galyndylaryň emele gelmegi babatyndaky habardarlygy ýokarlandyrmak we bu meseläni çözmek üçin bütindünýä hereketlerini işeçekmek maksady bilen, 30-njy mart Halkara galyndysyz güni diýlip yglan edildi.

Zero Waste Project taslamasynyň üsti bilen Türkiýe galyndylaryň emele gelmeginiň sebäbini öwrenmek arkaly olaryň emele gelmeginiň öňüni almaklygy maksat edinýär, şeýdip hem 2030-njy ýyla çenli döwürde Durnukly ösüş babatynda Gün tertibini öňe sürmäge ýardam etmekligi maksat edinýär.

Nol galyndynyň pelsepesi adamyň işjeňliginiň ähli ugurlarynda galyndylary ýok etmeklige gönükdirilendir, DÖM-nyň ekologik jähtlerine ýetmek üçin sarp etmegiň modelleriniň üýtgedilip gurulmagydyr. Hususan-da, ol önümçiligiň we aşhanada sarp etmekligiň durnukly endikleriniň ösdürilmegini talap edýär.

Galyndysyz aşhana uzak wagtlaryň dowamynda türk aşhanasynyň aýrylmaz ugry bolmagynda galýar. Tebigy we organiki önümlerden taýýarlanan tagamlar, şeýle hem wegan we wegeterian aşhanasy eýýäm öňden bäri türk saçaklarynyň esasyny düzýär. Türk aşhanasynyň dürlüliginden her tagamda diýen ýaly boş sarp edilmeýän içine garylýan goşundylar ulanylýar. Meselem, könelen çörekden köp sanly tagamlar taýýarlanylýar. Galan palaw ýa çorba öwrülýär ýa-da ondan tüwi pirogy bişirilýär.

Galyndylaryň nol derejesine ýetilmegi ähli derejelerde hereketi talap edýär, ähli gyzyklanýan taraplaryň, şol sanda raýat jemgyýetçiliginiň, hususy pudagyň, ylmytoparlaryň wekilleriniň we ýaşlaryň goşulmagyny talap edýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

Nesilleri birleşdirýän hatyra: Türkiýe Atatürki ýatlaýar

17:00 Noýabr 10, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026
Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

Slowakiýa rus gazynyň importyna girizilen gadaganlyga garşy ÝB-niň Kazyýetine ýüz tutdy

14:00 Noýabr 09, 2026