GDA-nyň hökümet Baştutanlary Geňeşiniň iýundaky mejlisiniň gün tertibini düzmeklige girişildiGDA-nyň hökümet Baştutanlary Geňeşiniň iýundaky mejlisiniň gün tertibini düzmeklige girişildi


30-njy martda GDA-nyň Minskdäki baş edarasynda GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň ýanyndaky Hemişelik Wekiller Geňeşiniň we Ykdysady meseleler boýunça toparynyň bilelikdäki mejlisi geçiriler.
Çärä gatnaşyjylar sekiz soragy ara alyp maslahatlaşarlar. Şolaryň arasynda Arkalaşygyň hökümet Baştutanlar Geňeşiniň indiki mejlisiniň (7-nji iýun, Soçi) gün tertibiniň taslamasyny düzmek, GDA-nyň Daşary işler ministrleri geňeşiniň mejlisine taýýarlyklaryň seljermesi (14-nji aprel, Samarkand), wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň Döwlet Baştutanlary Geňeşi, hökümet baştutanlary geňeşi, Daşary işler ministrleri geňeşi we GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlislerinde beýan eden başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin ýol kartasyny durmuşa geçirmek.
Bilelikdäki mejlise gatnaşyjylar GDA-nyň pudaklaýyn hyzmatdaşlyk guramalarynyň 2022-nji ýyldaky işleriniň jemini jemlärler we Arkalaşygyň döwletleriniň utgaşdyryjy ulag mejlisiniň 2010-2022-nji ýyllardaky işleriniň netijelerini ara alyp maslahatlaşarlar, - diýip GDA-nyň Ýerine ýetiriji toparynyň saýty habar berýär.
Çärede Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji topary bilen Ýewraziýa ykdysady toparynyň arasyndaky özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak baradaky Ähtnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň netijeleri jemlener, şeýle hem 2023-2025 ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasynyň meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.
Mundan başga-da, Hemişelik Dolandyryjylar Geňeşi 2023-nji ýylyň 30-njy apreline meýilleşdirilýän Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýa Kanunynyň taslamasy boýunça geçiriljek referendumda GDA-nyň Synçy missiýasynyň başlygynyň dalaşgärligini ylalaşar.
ORIENT news








