Türkmen türgenleri «Sambony esaslandyryjylaryň Kubogynda» bäş medal gazandylar


Bäş medal – bir altyn we dört sany bürünç medaly - türkmen türgenleri 24-27-nji martda Moskwda geçýän «Sambony esaslandyryjylaryň Kubogynda»gazandylar.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň gaznasyna ýeke-täk altyn medaly 98 kg agram derejede çykyş eden Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy Babajan Ibadullaýew getirdi. Final tutluşykda ol russiýaly samboçy Oleg Kubanowdan üstün çykdy.
Göreş sambosynyň wekilleri Sapar Döwletow (64 kg agram derejesinde), Begenç Baltaýew (79 kg çenli), göreş sambosynda – Meýlis Nyýazmeňliýew (64 kg çenli) we Mämmetgurban Mämmetgurbanow (88 kg çenli) bürünç medalyň eýeleri boldular.
Çempionata Türkmenistandan, Russiýadan, Gyrgyzystandan, Belarusdan, Özbegistandan, Ermenistandan, Hytaýdan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan türgenler gatnaşdylar.
Ýaryşyň maksatnamasyna sambo boýunça we göreş sambosy boýunça 58 kg, 64 kg, 71 kg, 79 kg, 88 kg, 98 kg we 98 kd-dan ýokary agram derejelerinde erkekleriň arasyndaky tutluşyklar girdi; şeýle hem zenanlaryň arasynda 50 kg, 54 kg, 59 kg, 65 kg, 72 kg, 80 kg we 80 kg-dan ýokary agyrlykda tutluşyklargeçirildi.
«Sambony esaslandyryjylaryň Kubogy» Anatoliý Harlampiýewiň, Wasiliý Oşepkowyň we Wiktor Spiridonowyň hormatyna atlandyrylandyr, olar sportuň bu görnüşini esaslandyryjylar diýlip hasaplanýarlar.
ORIENT habarlar








