HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ştangaçysy ýetginjekler dünýä çempionaty 2023-iň kümüş medalynyň eýesi boldy

Mart 27, 2023 | 16:57 |15135
Türkmen ştangaçysy Perhat Bahtiýarow Durresde (Albaniýa) dowam edýän ýetginjekler dünýä çempionaty-2023-iň ikinji gününde kümüş medal gazandy.Türkmen ştangaçysy Perhat Bahtiýarow Durresde (Albaniýa) dowam edýän ýetginjekler dünýä çempionaty-2023-iň ikinji gününde kümüş medal gazandy.
Çeşme: Bedenterbiýe we sport baradaky Döwlet komiteti

Türkmen ştangaçysy Perhat Bahtiýarow Durresde (Albaniýa) dowam edýän ýetginjekler dünýä çempionaty-2023-iň ikinji gününde kümüş medal gazandy.

On ýedi ýaşly türgen 61 kg çenli agram derejesindewise-çempion boldy. Ştangany götermegiň ikigörnüşiniň jemleri boýunça Bahtyýarow 258 kg netije görkezdi – (114+144), şeýlelikde birinji orny filippinli Delos Santese berdi, ol jemi 259 kg agyrlygy galdyrmagy başardy (110-149). Üçünji ýere Wýetnamdan gelen türgen K. Brum mynasyp boldy – 258 kg (113+142).

Ýatladýarys, bu möwsümde türkmen milli ýygyndysyna dokuz ştangaçy wekilçilik edýär.

Erkekleriň toparyny: Nurbek Azamatow (49 kg agyrlyk derejesinde), Perhat Bahtiýarow (61 kg çenli), Didarbek Jumabaýew (67 kg çenli) we Süleýmän Jafarow (96 kg çenli) düzdüler.

Ýaryşyň zenanlar toparynda Türkmenistana: Şebnam Kerimbaýewa (40 kg çenli), Ogulşat Amanowa (45 kg çenli), Medine Amanowa (59 kg çenli), Gülälek Kakamyradowa (64 kg çenli) we Anamjan Rustamowa (81 kg çenli) wekilçilik edýärler.

Türkmenistandan baran agyr atletikaçylar dünýä birinjiliginde Gurbandyrdy Amanowyň we Ahmet Saryýewiň ýolbaşçylygynda çykyş edýärler.

Agyr atletika boýunça ýetginjekleriň çempionaty – IWF howandarlygynda her ýylky geçirilýän ýaryşdyr. Bu gezekki ýaryş 61 ýurtdan 13 ýaşdan 17 ýaşa çenli bolan üç ýüzden gowrak agyr atletika boýunça türgeni ýygnady, olar 20 agram derejelerinde medallar ugrunda bäsleşýärler. 25-nji martda başlanan çempionat 1-nji aprelde tamamlanar.

Şunuň bilen baglanyşykly okaň:

Türkmen agyr atletikaçysy Albaniýada geçirilýän ýetginjekler dünýä çempionatynda altyn medal gazandy

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026