HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Erkin we açyk ýagdaýda geçdi» – Türkmenistandaky saýlawlar boýunça GDA-dan gelen synçylaryň netijeleri

Mart 27, 2023 | 09:30 |7952
GDA-dan gelen synçylaryň missiýasy Türkmenistandaky parlament saýlawlarynyň monitoringi boýunça beýannamanyň taslamasyny taýýarlady, ol degişli edaralar tarapyndan saýlaw kampaniýasynyň netijeleri resmi taýdan tassyklanandan soňra çap ediler, häzirlikçe bolsa missiýanyň baştutany – GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew ýurtda 8-nji martdan başlap işlän we ähli welaýatlarda bolup gören synçylaryň esasy netijeleri barada žurnalistlere gürrüň berdi.GDA-dan gelen synçylaryň missiýasy Türkmenistandaky parlament saýlawlarynyň monitoringi boýunça beýannamanyň taslamasyny taýýarlady, ol degişli edaralar tarapyndan saýlaw kampaniýasynyň netijeleri resmi taýdan tassyklanandan soňra çap ediler, häzirlikçe bolsa missiýanyň baştutany – GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew ýurtda 8-nji martdan başlap işlän we ähli welaýatlarda bolup gören synçylaryň esasy netijeleri barada žurnalistlere gürrüň berdi.
Çeşme: ORIENT-iň redaksiýasy

GDA-dan gelen synçylaryň missiýasy Türkmenistandaky parlament saýlawlarynyň monitoringi boýunça beýannamanyň taslamasyny taýýarlady, ol degişli edaralar tarapyndan saýlaw kampaniýasynyň netijeleri resmi taýdan tassyklanandan soňra çap ediler, häzirlikçe bolsa missiýanyň baştutany – GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew ýurtda 8-nji martdan başlap işlän we ähli welaýatlarda bolup gören synçylaryň esasy netijeleri barada žurnalistlere gürrüň berdi.

— Saýlawlara taýýarlyk ýeterlik derejede guramaçylykly, takyk geçirildi, Merkezi saýlaw toparynyň baý tejribesiniň bardygy mese-mälimgörünýär. Biz Türkmenistanda saýlawlarda birnäçe gezek bolduk we bizde deňeşdirmek mümkinçiligi bar– diýip, Lebedew halkara synçylarynyň we KHBS-niň wekilleriniň gatnaşmagynda geçen brifingde aýtdy.

GDA-nyň baş sekretary bu saýlawyň öňkülerden iki sany düýpli aýratynlygyny belledi. Birinjisi: kampaniýanyň gurnalyşy hil taýdan ýokarlanypdyr, saýlawçylary hasaba almak has anyk bolupdyr, bu bolsa ähli uçastoklarda erkin elýeterlikde bolan sanawlary düzmekdäki tehniki ýalňyşlyklary aradan aýyrdy. Saýlawçylar bilen maglumat işleri gowulanypdyr. Ikinji, onuň pikiri boýunça esasy tapawut – Türkmenistan üçin, şeýle hem Arkalaşygyň beýleki ýurtlary üçin häsiýetli bolan elektoratyň(saýlawçynyň) kämilleşmeginiň ýokarlanmagydyr.

Şunda şeýle hem Lebedew saýlaw uçastoklarynyň ýokary hilli bezelişini belläp geçdi, şol sanda maglumat materiallarynyň elýeterli bolmagy, enjamlar bilen üpjün edilenligi, Türkmenistanyň MST-nyň saýtyna çykmak arkaly göni ýaýlyma çykmagamümkinçilik berýän enjamlaryň bolmagydyr. Şeýle hem Türkmenistandaky saýlawlaryň häsiýetli aýratynlygyny – çäräniň baýramçylyk gurşawyny belläp geçdi.

Bu gowy däpdir, ony mundan beýläk hem dowam etdirmeli diýip, synçylaryň missiýasynyň baştutany aýtdy, baryp gören köp uçastoklarynda aýdym-sazyň ýaňlanmagyna, bufetleriň işlemegine, lukmançylyk otaglarynyň hem taýýarlanmagyna olaryň oňyn garandyklaryny, ýöne şol otaglara zerurlygyňbolmandygyny, ýöne fakt hökmünde ses bermek düzgüniniň gurnalyşyna oňyn bolandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Sergeý Lebedew synçylaryň ştabynyň Merkezi saýlaw topary, IIM, DIM, Baş prokuratura, Ýokary kazyýet bilen bolan konstruktiw gatnaşyklar barada hem gürrüň berdi, bu bolsa has dykgatly monitoring etmäge mümkinçilik döretdi, onuň barşynda saýlawyň netijesine täsir edýän haýsydyr-bir düzgün bozmalar ýüze çykarylmady.

-Umuman, saýlawlar alternatiw esasda we ýokary guramaçylyk derejesinde geçdi, milli kanunçylyga we demokratiki saýlawlary geçirmekligiň halkara ykrar edilen kadalaryna laýyklykda erkin we açyk boldy – diýip, Lebedew beýan etdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

22:33 Sentýabr 13, 2026
Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

22:31 Sentýabr 13, 2026
Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

22:24 Sentýabr 13, 2026