HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Gazprom» üçin «KAMAZ» tebigy gaz bilen işleýän ulag we awtobus modellerini taýýarlar

Mart 15, 2023 | 22:50 |6493
«KAMAZ», şäherara awtobusyň we awtoulagyň tebigy gaz bilen işleýän ýoldan çykýan modellerini «Gazprom» üçin işläp taýýarlar. Şeýle meýilnamalar iki kompaniýanyň arasynda täze hyzmatdaşlyk şertnamasy bilen göz öňünde tutldy, – diýip «Gazprom» -yň metbugat gullugy habar berdi.«KAMAZ», şäherara awtobusyň we awtoulagyň tebigy gaz bilen işleýän ýoldan çykýan modellerini «Gazprom» üçin işläp taýýarlar. Şeýle meýilnamalar iki kompaniýanyň arasynda täze hyzmatdaşlyk şertnamasy bilen göz öňünde tutldy, – diýip «Gazprom» -yň metbugat gullugy habar berdi.
Çeşme: gazprom.ru

«KAMAZ», şäherara awtobusyň we awtoulagyň tebigy gaz bilen işleýän ýoldan çykýan modellerini «Gazprom» üçin işläp taýýarlar. Şeýle meýilnamalar iki kompaniýanyň arasynda täze hyzmatdaşlyk şertnamasy bilen göz öňünde tutldy, – diýip «Gazprom» -yň metbugat gullugy habar berdi.

Awtobuslar jemgyýetçilik ulag infrastrukturasyndan ep-esli uzaklykda ýerleşýän iş ýerlerine umumy ulanyş ýollary boýunça eltmek üçin ulanylmalydyr. Awtoulaglar – barmasy kyn ýerlerde önümçilik meselelerini çözmek üçin uniwersal ulag hökmünde ulanylmalydyr. Taraplar täze modelleriň gurluşy we düzümi üçin tehniki çözgütleri taýýarlar we kiçi görnüşleri synagdan geçirerler.

Çarşenbe güni «Gazprom» Jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýetiniň Dolandyryş Geňeşiniň başlygy Alekseý Miller bilen «KAMAZ» Jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýetiniyň baş müdiri Sergeý Kogoginiň iş duşuşygy boldy. Taraplar Russiýada gaz ýangyç bazaryny ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň gidişi we geljegi barada pikir alyşdylar.

«Gazprom»-yň başlangyjy bilen «KAMAZ»-yň tebigy gazda işleýän köp sanly ulag we enjamlaryň yzygiderli önümçiligine başlandygy bellendi. Häzirki wagtda zawod şeýle ulaglaryň 130-a golaý modelini öndürýär. Ähli gaz bilen işleýän awtoulaglaryň ýarysyndan gowragy Russiýada öndürilen.

«Gazprom» 2014-nji ýyldan bäri golçur kärhanalarynyň parkyny kämilleşdirmek üçin «KAMAZ»-yň tebigy gazda işleýän ulaglaryny yzygiderli satyn alýar. Hususan-da, bular ýük awtoulaglary, çekijiler we samoswallar. Taraplar innowasion gaz hereketlendirijili tehnologiýasynyň modelleriniň önümçiligine aýratyn üns berýärler. Şeýlelikde, «Gazprom»-yň buýurmasy bilen, «KAMAZ» suwuk geliý bilen izotermiki konteýnerleri daşamak üçin suwuklandyrylan tebigy gaz bilen işleýän KAMAZ-5490 NEO esasy traktorlaryny öndürdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026