HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan BMG-nyň Nýu-Yorkda geçirilen Suw maslahatynda öz pozisiýasyny mälim etdi

Mart 24, 2023 | 22:50 |16848
22-24-nji martda BMG-nyň Nýu-Yorkdaky ştab-kwartirasynda "Durnukly ösüş üçin suw" (2018-2028) Halkara hereket onýyllygynyň maksatlarynyň ýerine ýetirilişine giňişleýin syn bermek boýunça maslahat geçirildi.22-24-nji martda BMG-nyň Nýu-Yorkdaky ştab-kwartirasynda "Durnukly ösüş üçin suw" (2018-2028) Halkara hereket onýyllygynyň maksatlarynyň ýerine ýetirilişine giňişleýin syn bermek boýunça maslahat geçirildi.
Çeşme: un.mission.gov.tm

22-24-nji martda BMG-nyň Nýu-Yorkdaky ştab-kwartirasynda "Durnukly ösüş üçin suw" (2018-2028) Halkara hereket onýyllygynyň maksatlarynyň ýerine ýetirilişine giňişleýin syn bermek boýunça maslahat geçirildi.

BMG-nyň Baş sekretary António Guterriş maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş edip, global suw krizisini ýeňip geçmek üçin dört ugurda: suwa deň elýeterlilik, suw dolandyryşyna maýa goýumlary, olary tygşytly peýdalanmak, howanyň üýtgemegine garşy göreş ýaly ugurlarda bilelikdäki tagallalary birleşdirmegi teklip etdi.

Maslahata milli hökümetleriň we BMG guramalarynyň ýokary derejeli wekilleri bilen birlikde Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky Döwlet komitetiniň başlygy Durdy Genjiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada ýurduň BMG-daky hemişelik wekilliginiň saýtynda habar berildi.

Türkmen tarapy forumda çykyş edip, Türkmenistanyň suw meselesinde esasy çemeleşmelerini we bu ugurda ýurduň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugurlaryny beýan etdi.

Hususan-da, Türkmenistan suwuň adamzadyň umumy emlägi bolup durýandygyna, suw we arassaçylyga deň we adalatly elýeterliligiň bolsa esasy adam hukuklarydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli hökümetler, esasanam saglygy goraýyş we azyk howpsuzlygy global krizisiniň häzirki kyn şertlerinde suwdan peýdalanmak hukugyny üpjün etmek üçin jogapkärdirler.

Türkmenistan sebitdäki ýüze çykýan suw we energiýa meseleleriniň her bir ýurduň bähbitlerini, şeýle hem halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-nyň işjeň gatnaşmagy bilen, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda çözülmeginiň tarapdarydyr.

Suw diplomatiýasy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir, bu babatda ýurdumyz suw çeşmelerinden tygşytly peýdalanmak we daşky gurşaw meselelerini çözmekde, hususan-da BMG-nyň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-nyň Aral deňziniň basseýni üçin ýörite maksatnamasyny we Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda milli başlangyçlary tassyklady.

Şeýle-de, Türkmenistanyň wekiliýeti Araly halas etmek boýunça halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň (IFAS), IFAS-a başlyklyk edýän Täjigistan Respublikanyň hökümetiniň Bütindünýä banky bilen bilelikde gurnan “Merkezi Aziýa: Suw baýlyklary ulgamynda hereket maksatnamasy boýunça borçnamalar” atly ýokary derejeli çäresine gatnaşdy.

Maslahata 7 döwlet we hökümet baştutany, wise-prezidentler, premýer-ministrleriň orunbasarlary we suw bukjalary bolan 70-den gowrak milli ministr gatnaşdy.

Maslahatyň esasy maksady BMG-nyň agza döwletleri, halkara we maliýe guramalary tarapyndan Suw baýlyklary boýunça halkara hereket onýyllygynyň ikinji tapgyryny we degişli Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça meýletin borçnamalarynyň kabul edilmeginden ybarat boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026