HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ysraýyl Aşgabada täze ilçi ugratdy

Mart 24, 2023 | 00:25 |11688
Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Ysmaýyl Haldi bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi duşuşygyň başynda ministre ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Ysmaýyl Haldi bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi duşuşygyň başynda ministre ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Ysmaýyl Haldi bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi duşuşygyň başynda ministre ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar – diýlip, Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin bilelikdäki hökümetara toparyň döredilmeginiň maksadalýykdygy nygtaldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmeginde ileri tutulýan ugurlar hökmünde saglygy goraýyş we lukmançylyk, ylym-bilim ugurlary kesgitlenildi. Şeýle-de, myhman Türkmenistanda Ysraýylyň Medeniýet günlerini geçirmekde gyzyklanmalaryny beýan etdi.

Ozal mart aýynyň başynda Ysraýylyň i24NEWS halkara teleýaýlymy Aşgabatda Ysraýylyň hemişelik ilçihanasyny resmi taýdan açmak üçin Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koeniň ýakyn wagtda Türkmenistana ugrajakdygyny habar beripdi.

Mundan ozal Ysraýylyň DIM-niň Ýewraziýa bölüminiň müdiri Aşgabada iş saparyny amala aşyrdy we ýurdumyzyň Daşary işler ministriniň, Içeri işler ministriniň orunbasarlary, Saglygy goraýyş ministri we beýleki resmi adamlar bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek boýunça we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi ozal bu wezipäni bir ýyla golaý eýelän Bet-Iden Kaýty çalyşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

22:33 Sentýabr 13, 2026
Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

22:31 Sentýabr 13, 2026
Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

22:24 Sentýabr 13, 2026