HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pariždäki Olimpiýa oýunlaryny gurnaýjylar meýletinçileri çagyrýarlar

Mart 23, 2023 | 17:26 |10221
Parižde 2024-nji ýylda boljak Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti fransuzlary, şeýle hem daşary ýurtlylary ýaryşlarda meýletinçi bolmaklyga çagyrýar.Parižde 2024-nji ýylda boljak Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti fransuzlary, şeýle hem daşary ýurtlylary ýaryşlarda meýletinçi bolmaklyga çagyrýar.
Çeşme: insidethegames.biz

Parižde 2024-nji ýylda boljak Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti fransuzlary, şeýle hem daşary ýurtlylary ýaryşlarda meýletinçi bolmaklyga çagyrýar.

Meýletinçilik maksatnamasy 18 ýaşdan uly bolan, fransuz ýa-da iňlis dilini bilýän adamlar üçin açykdyr. Guramaçylaryň habar bermeklerine görä, çäräni geçirmek üçin 45 müňe golaý adam gerek, olar Pariždäki, Marseldäki, Lilldäki, Nissadaky, Liondaky, Sent-Etýendäki, Nantdaky, Bordodaky, Şatorudaky we Taitidäki resmi meýdançalar boýunça paýlanylar.

Meýletinçileriň wezipe borjuna janköýerleri we akkreditirlenen şahslary garşy almak we ýanynda ýolbelet bolmak; sport wekiliýetlerine kömek etmek; türgenleri ýaryşyň we metbugat maslahatynyň geçirilýän ýerine çenli eltmek; enjamlary eltmekde kömek bermek; lukmançylyk goldawyna gatnaşmak we ş.m. girýär.

Her meýletinçä onuň başarnyklaryna görä iş bermek maksady bilen, ýüz tutmanyň çäklerinde hemmelere onlaýn-anketany doldurmak teklip ediler.

«Paris-2024-e goşulmak – bu meýletinçiler üçin mümkinçilikdir. Meýletinçiler hem - Paris 2024 üçin mümkinçilikdir, sebäbi olar ähli hyjuwyny, kuwwatyny we başarnygyny goşýarlar» – diýip, 2024-nji ýylyň Olimpiadasyny geçirmek boýunça Guramaçylyk komitetiniň başlygy Toni Estange belledi.

Ýüz tutmalary tabşyrmak 3-nji maýa çenli dowam edýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
TESOL 2026: Iňlis dilini okatmakda döwrebap pedagogik strategiýalar

TESOL 2026: Iňlis dilini okatmakda döwrebap pedagogik strategiýalar

18:18 Awgust 27, 2026
Çilide Ýer ýüzündäki iň gadymy agaçlaryň biri — ýaşy 5000 ýyldan geçýän agaç görkezildi

Çilide Ýer ýüzündäki iň gadymy agaçlaryň biri — ýaşy 5000 ýyldan geçýän agaç görkezildi

18:12 Awgust 27, 2026
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026