HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

IBA Group Türkmenistan bilen demir ýol ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

Mart 18, 2023 | 11:22 |13294
Gündogar Ýewropadaky iri IT kompaniýalarynyň biriniň – IBA Group-yň wekiliýeti – «Türkmendemirýollary» agentliginiň we AGPJ «Demirýollarynyň» ýolbaşçylary bilen demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada gepleşikleri geçirdi.Gündogar Ýewropadaky iri IT kompaniýalarynyň biriniň – IBA Group-yň wekiliýeti – «Türkmendemirýollary» agentliginiň we AGPJ «Demirýollarynyň» ýolbaşçylary bilen demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada gepleşikleri geçirdi.
Çeşme: «Akylly Tilsimat» HJ tarapyndan berildi

Gündogar Ýewropadaky iri IT kompaniýalarynyň biriniň – IBA Group-yň wekiliýeti – «Türkmendemirýollary» agentliginiň we AGPJ «Demirýollarynyň» ýolbaşçylary bilen demir ýol pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada gepleşikleri geçirdi.

Taraplar işiň netijeliligini ýokarlandyrmak we Türkmenistanyň üstaşyr-ulag mümkinçiligini ýerine ýetirmek üçin kärhanany dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny (АСУП) we kärhänänyň serişdelerini dolandyrmak ulgamyny (ERP) girizmegiň mümkinçiliklerine seretdiler.

Gepleşiklerde bellenen sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň Türkmenistanyň uzak möhletleýin döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigi, ulag infrastrukturasynyň ösüşine we ýurduň logistika ulgamynyň geçirijilik ukybynyň artmagyna ýardam etjekdigi bellendi.

IBA Group wekiliýetiniň Türkmenistana sapary «Akylly Tilsimat» HJ-niň goldamagynda guraldy. Aşgabatdaky işiniň çäklerinde iki ýurduň kompaniýalary şeýle hem hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdylar.

IBA Group – bu halkara IT kompaniýasy bolmak bilen, ol programma üpjünçiligi babatynda işläp düzmek, goldaw bermek we konsalting hyzmatlaryny hödürleýär. Kompaniýanyň 3000-e golaý işgäri bolup, ol dünýäniň 15 ýurdunda işleýär.

Kompaniýanyň hasabynda üstünlikli taslamalaryň onlarçasy bar, olaryň arasynda - Günorta Afrikada ulag infrastrukturasyny dolandyrmak ulgamyny işläp düzmek we ornaşdyrmak, iri çeh awtoulag öndürijisi bolan Škoda Auto üçin maliýe we adam serişdelerini dolandyrmak ulgamyny işläp düzmek we ornaşdyrmak we başgalar bardyr.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026