Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda bag oturtmak – 2023 kampanaiýasyna badalga berildi

Mart 18, 2023 | 13:10 |11991
Şu gün Türkmenistanda däp boýunça ýylda iki gezek – baharda we güýzde geçirilýän giň gerimli bag oturtmak kampaniýasy başlandy. Agaç nahallaryny oturtmak çäresine dürli edardyr guramalaryň işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşýarlar.Şu gün Türkmenistanda däp boýunça ýylda iki gezek – baharda we güýzde geçirilýän giň gerimli bag oturtmak kampaniýasy başlandy. Agaç nahallaryny oturtmak çäresine dürli edardyr guramalaryň işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşýarlar.
Çeşme: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanda däp boýunça ýylda iki gezek – baharda we güýzde geçirilýän giň gerimli bag oturtmak kampaniýasy başlandy. Agaç nahallaryny oturtmak çäresine dürli edardyr guramalaryň işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşýarlar.

Bu ýyl jemi 3 million nahal oturdylar, olaryň ýarysy Köpetdagyň eteginde, paýtagtyň töwereginde ekiler. Oturtmakda howa aýratynlyklary göz öňünde tutulýar, şol sebäpli soňky ýyllarda «ýaprakly» baglar köp oturdylýar.

Şeýlelikde, Arkadag şäheriniň ýanynda eldar sosnasyny, tut we alma nahallaryny, ýollaryň ugrunda zirk, beresklet, arça we toraňňy agaçlaryny oturdýarlar. Ýaprakly agaçlar gün radiasiýasyndan has netijeli goraglygy üpjün edýär, şeýle hem ýerli haýwanat dünýäsiniň iýmite bolan islegini kanagatlandyrýar.

Däp bolşy ýaly, sosna agajyny, arçany we arizon serwi agajyny oba hojalyk ýerleriniň gyralarynda, dolandyryş merkezleriniň ýanynda, senagat zolaklarynda we iri türkmen şäherleriniň içinde oturdýarlar.

Baglary oturtmak aksiýasy Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär, ol çölleşmek ýaly ekologik meseleleriň täsirini gowşatmaga niýetlenendir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp Google kompaniýasyna salnan jerime sebäpli Ýewropa Bileleşigine jogap hökmünde gümrük paçlaryny girizmek bilen haýbat atdy

Tramp Google kompaniýasyna salnan jerime sebäpli Ýewropa Bileleşigine jogap hökmünde gümrük paçlaryny girizmek bilen haýbat atdy

17:00 Iýul 26, 2026
Oksfordda ilkinji meýletinçä Bundibugýo Ebola wirusyna garşy sanjym edildi

Oksfordda ilkinji meýletinçä Bundibugýo Ebola wirusyna garşy sanjym edildi

15:00 Iýul 26, 2026
«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär

07:45 Iýul 26, 2026