HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA-dan gelen synçylaryň missiýasy Türkmenistandaky saýlaw kompaniýasyny monitoring etmegi dowam etdirýär

Mart 18, 2023 | 12:10 |6442
Türkmenistanda parlamentiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlygy we onuň geçirlişini monitoring etmegiň çäklerinde GDA-dan gelen synçylaryň missiýasy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Baş prokuraturasynyň we IIM-niň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berýär.Türkmenistanda parlamentiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlygy we onuň geçirlişini monitoring etmegiň çäklerinde GDA-dan gelen synçylaryň missiýasy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Baş prokuraturasynyň we IIM-niň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: e-cis.info

Türkmenistanda parlamentiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlygy we onuň geçirlişini monitoring etmegiň çäklerinde GDA-dan gelen synçylaryň missiýasy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Baş prokuraturasynyň we IIM-niň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary Aman Gökjäýew missiýanyň agzalaryna saýlaw kompaniýasy döwründe kazyýetleriň işiniň gurnalyşy barada habar berdi we kazyýet edaralarynyň saýlawlara gatnaşýanlaryň ýüz tutmalaryna öz wagtynda seretmekligi üpjün etmäge taýýardygyny belledi.

Öz gezeginde, Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary Alymuhammet Akmämmedow ýurduň raýatlarynyň saýlaw hukuklaryny goramak babatda prokuratura edaralarynyň öňünde durýan wezipeler barada aýtdy.

Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň orunbasary Ýazguly Agabaýew ýurtda parlament saýlawlarynyň barşynda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmekde görülýän çäreler barada synçylara habar berdi.

Netijede saýlaw prosesiniň barşynda raýatlardan gelen ýüz tutmalar we ýüze çykarylan düzgün bozmalar hakda Missiýanyň Ştabyna habar bermek barada ylalaşyk gazanyldy. Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleriniň habar bermegine görä, häzirki wagtda saýlawlar bilen baglanyşykly we raýatlaryň saýlaw hukugynyň bozulmagy bilen baglanyşykly arz-şikaýatlar gelip gowuşmady.

Şeýle hem synçylaryň Missiýasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň (TSTP) saýlawlaryň öňüsyrasyndaky ştabynyň agzalary bilen duşuşdy, olar partiýanyň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasy barada gürrüň berdiler. Synçylar şeýle hem Aşgabadyň we Mary welaýatynyň birnäçe saýlaw uçastoklarynyň işi bilen tanyşdylar.

GDA-dan gelen synçylaryň missiýasy düzüldi. Onuň düzüminde Arkalaşygyň ýurtlaryna wekilçilik edýän, GDA agza-döwletleriň Parlamentara Assambleýasyna we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine wekilçilik edýän 49 synçy akkreditirlendi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

18:00 Oktýabr 20, 2026
Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

16:00 Oktýabr 20, 2026
Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

14:00 Oktýabr 20, 2026