Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bişkekdäki Ýewraziýa biliminiň V halkara sergisinde dalaşgärlere GDA-nyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri tanyşdyrylar

Mart 18, 2023 | 18:58 |9044
Ru.sputnik.kg elektron neşiriniň habar bermegine görä, GDA-nyň iň gowy ÝOM-leri, öňdebaryjy uniwersitetleri we kollejleri 27-29-njy mart aralygynda Bişkekde geçiriljek Ýewraziýa biliminiň V halkara sergisine gatnaşar.Ru.sputnik.kg elektron neşiriniň habar bermegine görä, GDA-nyň iň gowy ÝOM-leri, öňdebaryjy uniwersitetleri we kollejleri 27-29-njy mart aralygynda Bişkekde geçiriljek Ýewraziýa biliminiň V halkara sergisine gatnaşar.
Çeşme: osh.rgsu.net

Ru.sputnik.kg elektron neşiriniň habar bermegine görä, GDA-nyň iň gowy ÝOM-leri, öňdebaryjy uniwersitetleri we kollejleri 27-29-njy mart aralygynda Bişkekde geçiriljek Ýewraziýa biliminiň V halkara sergisine gatnaşar.

Sergi Alykul Osmonow adyndaky Milli kitaphanada geçiriler. Dalaşgärler aktual bilim maksatnamalary we hünärler, Arkalaşygyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek we okamak üçin şertler, häzirki zaman ýokary tehnologiýaly kompaniýalarda tejribe geçmek mümkinçilikleri barada maglumat alarlar.

Serginiň çäginde GDA ýurtlarynyň bilim pudagynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk meselelerine garalmagyna garaşylýar.

Gyzyklanma bildirýänler www.maeexpo.com sahypasynda hasaba durmak arkaly Ýewraziýa bilim sergisine onlaýn ýagdaýda gatnaşyp bilerler.

Çäräni gurnaýjy hökmünde "Ýewraziýa hyzmatdaşlyk guramasy" kompaniýasy çykyş edýär. Sergi Russiýanyň ilçihanasynyň, “Rossotrudniçestvo” Federal agentliginiň we Gyrgyzystanyň degişli döwlet edaralarynyň goldawy bilen geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026