Özbegistanyň Prezidenti "Täze Daşkent" taslamasyna badalga berdi


"Täze Daşkent" Çirçik we Karasu derýalarynyň arasynda 20,000 gektar meýdany eýelär. Şawkat Mirziýoýew şenbe güni, takmynan bir million adam ýaşamaga niýetlenen geljekki şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy – diýip, Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Daşkentiň 2045-nji ýyla çenli Baş meýilnamasy Angliýanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň we Singapuryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda işlenip düzüldi. Taslamada Özbegistanda ilkinji gezek “akylly” şäherleşmäniň birnäçe çözgütleri ornaşdyrylar, ýagny elektrik awtobuslary we metro esasynda ekologiýa taýdan arassa ulag ulgamy gurlar. Täze etrapdaky ýollar pyýadalara we welosipedçilere ýokary amatlygy üpjün eder. Awtoulaglar üçin, Çirçik we Karasu derýalaryndan geçelge hökmünde, 14 tunel we 7 köpri gurlar.
“Täze Daşkentde” geljekki şäheri energiýa bilen üpjün etjek Merkezi Aziýada ilkinji “üç nesil” stansiýasy peýda bolar. Taslamanyň birinji tapgyrynda 60 müň adamlyk ýaşaýyş jaýyny, 30 mekdep, 20 çagalar bagyny, 5 saglyk öýüni we köpugurly hassahanany gurmak göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem, täze şäherde “Täze Özbegistan” uniwersitetiniň talyplar şäherçesi, milli kitaphananyň, teatryň, döredijilik mekdepleriniň, söwda we hyzmat ediş desgalarynyň binalary gurlar.
Täze etrabyň gurulmagy demografiki zerurlyk bilen baglanyşykly. Häzirki wagtda Özbegistanyň paýtagtynda, takmynan 5 million adam ýaşaýar we işleýär, ýakyn geljekde bolsa bu san has-da artar. Şäherçäniň dörejek ýeri häzirki şähere ýakynlygy we howa şertleriniň amatlylygy bilen tapawutlanýar – diýip, ýurduň Prezidenti dabarada eden çykyşynda belläp geçdi.
ORIENT news








