Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar döwletine boljak saparyna taýýarlyk görülýär


Iki döwletiň daşary syýasat edaralary Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar döwletine boljak resmi saparyna taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň döwlet baştutanynyň amala aşyrjak saparynyň maksatnamasy barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasynda ýokary derejeli saparlaryň bäşisiniň amala aşyrylandygy bellenildi.
Iki ýurduň hökümetleriniň we daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli aragatnaşyklar ýola goýuldy.
Abraýly halkara guramalaryň we gurluşlaryň çäklerinde taraplaryň özara gatnaşyklaryna netijeli häsiýet mahsusdyr.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we giňeltmekde şu ýyl Aşgabatda nobatdaky mejlisi geçirilmegi meýilleşdirilen bilelikdäki Hökümetara toparyň işine uly ähmiýet berilýär.
ORIENT news








