HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Zümerret hlorella - türkmen daýhanlary üçin ýerli önümçiligiň «super döküni»

Mart 16, 2023 | 16:47 |11981
Zümerret reňkli kiçijik deňiz ösümligi - hlorella, häzirki wagtda dünýäni gazanan iň meşhur «önüm» boldy. Ownuk öýjükleriň üstünlik gazanmagynyň sebäbi, peýdaly maddalaryň baý mazmuny bolup, olaryň häsiýetleri adam işjeňliginiň dürli ugurlarynda, şol sanda ösümlikleri, guşlary we haýwanlary iýmitlendirmek, aryçylyk we beýleki ýerlerde giňden ulanylmagydyr.Zümerret reňkli kiçijik deňiz ösümligi - hlorella, häzirki wagtda dünýäni gazanan iň meşhur «önüm» boldy. Ownuk öýjükleriň üstünlik gazanmagynyň sebäbi, peýdaly maddalaryň baý mazmuny bolup, olaryň häsiýetleri adam işjeňliginiň dürli ugurlarynda, şol sanda ösümlikleri, guşlary we haýwanlary iýmitlendirmek, aryçylyk we beýleki ýerlerde giňden ulanylmagydyr.
Çeşme: фото предоставил Туркменский государственный сельскохозяйственный университет имени С. А. Ниязова

Zümerret reňkli kiçijik deňiz ösümligi - hlorella, häzirki wagtda dünýäni gazanan iň meşhur «önüm» boldy. Ownuk öýjükleriň üstünlik gazanmagynyň sebäbi, peýdaly maddalaryň baý mazmuny bolup, olaryň häsiýetleri adam işjeňliginiň dürli ugurlarynda, şol sanda ösümlikleri, guşlary we haýwanlary iýmitlendirmek, aryçylyk we beýleki ýerlerde giňden ulanylmagydyr.

1-3.jpg

Ýaşyl «super dökün», ýurdumyzyň balyk, maldarçylyk, ekerançylyk we guşçylyk pudaklarynda ulanýan türkmen oba hojalykçylary tarapyndan hem halandy. Şeýle hem öz öndürijilerimiz, ýagny hlorellany suwuk, asma, poroşok we pasta görnüşlerinde öndürýän ýerli «Çemenli gapla» we «Pajarla» kompaniýalarymyz bar. Kärhanalaryň ýolbaşçylary S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetinde her hepde geçirilýän ylmy ýygnaga gatnaşdylar. Bu gezekki seminaryň mowzugy täsin deňiz ösümligi boldy.

2-1.JPG

Telekeçiler foruma gatnaşyjylara dökün öndürmek döwründe geçirilen synag işleri, şeýle hem hlorellanyň haýwanlaryň iýmitine iýmit goşundylary hökmünde giňden ulanylmagy, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda ulanylyşy, suwotularyň tohum gögerişini köpelmekdäki, iýmleriň siloslanmagyndaky peýdalary we ş.m barada gürrüň berdiler.

3-1_0.JPG

Maglumat üçin: hlorellada A, B1, B2, B6, C, PP, K we beýleki witaminler bar. Ol janly agramy, mallaryň, guşlaryň we balyklaryň öndürijiligini ýokarlandyrýar, kesellere garşylygy ýokarlandyrýar. Onuň düzümindäki antibiotik hlorelliniň bakteriýalara, wiruslara we protozoa garşy täsire eýedir. Mundan başga-da, suwotular daşky gurşaw üçin örän möhüm bolan kislorody bölüp çykarmak üçin ýagtylygy we kömürturşy gazyny ulanýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026