HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bütindünýä gümrük guramasy Ýewropa sebitiniň gümrük gulluklary üçin okuw maslahatyny gurady

Mart 16, 2023 | 17:55 |9342
Dünýäde epidemiologik yagdaýlarda gümrük gulluklaryň orny atly tema boýunça Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan guralan okuw çäresine gatnaşmak üçin Döwlet gümrük gullugynyň wekili 2023-nji ýylyň 8-10-njy marty aralygynda Demirgazyk Makedoniýanyň Skopýe şäherinde gulluk saparynda boldy.Dünýäde epidemiologik yagdaýlarda gümrük gulluklaryň orny atly tema boýunça Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan guralan okuw çäresine gatnaşmak üçin Döwlet gümrük gullugynyň wekili 2023-nji ýylyň 8-10-njy marty aralygynda Demirgazyk Makedoniýanyň Skopýe şäherinde gulluk saparynda boldy.
Çeşme: Государственная таможенная служба Туркменистана

Dünýäde epidemiologik yagdaýlarda gümrük gulluklaryň orny atly tema boýunça Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan guralan okuw çäresine gatnaşmak üçin Döwlet gümrük gullugynyň wekili 2023-nji ýylyň 8-10-njy marty aralygynda Demirgazyk Makedoniýanyň Skopýe şäherinde gulluk saparynda boldy.

Okuw çäresi Bütindünýä gümrük guramasynyň «COVID-19 taslamasynyň» çäginde COVID-19 pandemiýasy, tebigy betbagtçylyklar we beýleki adatdan daşary ýagdaýlar bilen baglanyşykly gümrük edaralarynyň alyp barýan işi boýunça tejribesi bilen paýlaşmak meselesine bagyşlandy.

Çäräniň dowamynda, oňa gatnaşyjylar adatdan daşary ýagdaýlar, betbagtçylykly hadysalar ýüze çykanda kömek bermegiň halkara hukuk esaslary we bu ugurda Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan işlenip taýýarlanan tärler we gurallarynyň birnäçesi bilen tanyş edildi. Gatnaşyjylaryň herisi öz ýurtlarynda adatdan daşary ýagdaýlar dörände gümrük edaralary tarapyndan görülýän çäreler, gümrük amallaryny ýöredilişi barada özara pikir alyşdylar.

Hususan-da, Türkiýe Respublikasynyň gümrük gullugynyň wekiliniň 2023-nji ýylyň fewral aýynda bolan ýer titremelerinden soň we COVID-19 pandemiýasy wagtynda amala aşyrylan ýönekeýleşdirilen gümrük amallaryna syn berildi.

Çärä bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary jenap Kunio Mikuriýa hem gatnaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Marvel we DC blokbasterleriniň saundtrekleri Tahir Ataýewiň orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar

Marvel we DC blokbasterleriniň saundtrekleri Tahir Ataýewiň orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar

01:50 Sentýabr 02, 2026
Aşgabatda Türkiýäniň Ýeňiş gününiň 104 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

Aşgabatda Türkiýäniň Ýeňiş gününiň 104 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

01:10 Sentýabr 02, 2026
Sietl şäheriniň häkimi 1-nji sentýabry Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni diýip yglan etdi

Sietl şäheriniň häkimi 1-nji sentýabry Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni diýip yglan etdi

21:07 Sentýabr 01, 2026